Sepleriň elýeterliligi

Putin Orsýetiň parlamentiniň öňünde ýörite doklad bilen çykyş etdi


11-nji aprelde Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin ähli syýasy güýçleri parlament we prezidentlik saýlawlary bilen bagly dartgynly ýagdaýlardan soňra ýurdy ösdürmek üçin bilelikde işleşmäge çagyrdy.

Ol ýurdyň premýer-ministri hökmünde parlamentde eden ahyrky çykyşynda geçen 4 ýylda öz hökümetiniň ýeten sepgitleri barada gürrüň etdi.

Putin: “Orsýet parlament we prezidentlik saýlawlary bilen bagly dartgynly ýagdaýlary başdan geçirdi. Elbetde, şu günem gaharly emosiýalary we syýasy göreşleriň ýaňyny eşitmek mümkin. Emma, kämil demokratiýanyň logikasyna laýyklykda, saýlawlar tamamlanandan soň has bir möhüm etap bolan bilelikde işleşmek etapy başlanýar” diýip belledi.

Şu ýylyň 4-nji martyndaky prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanan W.Putin 7-nji maýda prezidentlige kasam eder. Ol 6 ýyllap Orsýeti dolandyrar. W.Putin 2000-2008-nji ýyllar aralygynda hem Orsýetiň prezidenti bolupdy.
XS
SM
MD
LG