Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly 28 sany spesialist Amerika 10 günlük sapar edýär


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň beren maglumatyna görä, 11-nji aprelde Türkmenistanyň hökümet bölümleriniň, ylmy institutlarynyň we raýat jemgyýeti guramalarynyň 28 agzasy Waşingtona gidýär.

Olar “Açyk dünýä” atly alyş-çalyş programmasynyň çäklerinde Waşingtona sapar edýärler.

ABŞ-nyň görnükli liderleri bilen türkmenistanly tanymal raýatlaryň arasynda özara duýgudaşlygy hem hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen ýola goýlan “Açyk dünýä” programmasy 2008-nji ýyldan işläp başlady. Bu programmanyň çäklerinde her ýylda ýaş raýat we hökümet spesialistleri Türkmenistandan Amerika ýollaýar.

Şu ýylky maksatnama gatnaşýanlar on günüň dowamynda telekeçilik baradaky kanunlar, bilim, elektron hökümeti, jemgyýetçilik we hususy hyzmatdaşlyk boýunça işleşmek üçin Amerikanyň birnäçe ştatyna sapar ederler.
XS
SM
MD
LG