Sepleriň elýeterliligi

Güneşli Türkmenistan buzda oýnalýan hokkeýe üns bermekçi


Anatoliý Fomin: "Türkmenleriň ussatlyk bilen çykyş edýän beýleki sport görnüşlerine üns berilse, has netijeli bolardy".

Anatoliý Fomin: "Türkmenleriň ussatlyk bilen çykyş edýän beýleki sport görnüşlerine üns berilse, has netijeli bolardy".

Türkmenistanda soňky döwürde buzuň üstünde oýnalýan hokkeýe bolan üns göz-görtele artdy. Ýurtda iki sany buz köşgi bar. Ýakynda hokkeý boýunça ýurduň taryhynda ilkinji gezek ýaryş hem geçirildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa nobatdaky hökümet maslahatlarynyň birinde degişli ýolbaşçylara öz hokkeý komandalaryny döretmek barada tabşyryk berdi.

Bu tabşyrygy bermezden öňinçä, prezident ak we ýaşyl reňkdäki hokkeý formasyny geýnip, müňlerçe tomaşaçynyň öňünde buzuň üstünden typyp baryp, ýurduň taryhynda ilkinji gezek geçirilen hokkeý ýaryşynyň ýeňijilerine baýragy öz eli bilen gowşurdy.

Sport we syýahatçylyk baradaky Döwlet komitetiniň buzuň üstündäki hokkeý boýunça tälimçisi 7-nji aprelde bolan bu wakany hiç wagt ýadyndan çykaryp bilmejekdigini ýerli media gürrüň berdi.

Ylalaşmaýanlar hem bar

Territoriýasynyň 70% töweregi çöl bolan we howanyň gyzgynlygy tomus wagtlary kölegede 50 gradusdan geçýän Türkmenistanda hokkeý sportuny ösdürmek ugrundaky tagallalaryň akyla sygmajak bir işdigini aýdýanlar hem ýok däl.

Öň Türkmenistanyň futbol mekdeplerine müdirlik eden sport bilermeni Anatoliý Fomin Türkmenistanda hokkeý sportunyň döredilmeginiň gowudygyny hem gyzyklygydygny aýtsa-da, muňa aşa ünsüň berilmeginiň näderejede maksada laýyk bojakdygyny sorag astynda goýýar.

Ol: “Eger-de mundan bir maksat bolan bolsady, onda maliýe taýdan iň bir baý döwletleriň biri bolan Saud Arabystany hem eýýäm ol ýurtda hokkeý sportuny ornaşdyrardy. Ýöne ol muny edenog-a. Sebäbi çölüň içinde sportuň gyşky görnüşini ösdürmek bu bir akyla sygmajak zat” diýip, ýagdaýa baha berdi.

Şeýle-de, Fomin diňe paýtagtda buz köşklerini gurmak bilen hokkeý sportuny ösdürip bolmajakdygyna ünsi çekýär. Ol bu ugurda netije gazanmak üçin, ähli welaýatlarda şular ýaly desgalaryň bina edilmeginiň gerekdigini, tejribeli hünärmenleriň tälimçilik etmelidigini öňe sürýär.

Sişenbe güni geçirilen maslahatda prezident G.Berdimuhamedow hokkeý sportuna ünsi güýçlendirmek boýunça ençeme görkezmeleri berdi. Bularyň hatarynda şertnamalaýyn esasda ýurda daşary ýurtly tälimçileri getirmek hem bar.

Berdimuhamedow döredilýän hokkeý toparlarynyň her biriniň özboluşly nyşanynyň bolmaldygyny, sportçularyň awtobuslar bilen üpjün edilmeldigini belläp, bu ugurdaky işleriň elmydama gözegçilikde saklanmaldygyny hem aýtdy.

Mundan başga-da, ol 4-7-nji aprel aralygynda geçen hokkeý ýaryşynyň ýeňijisi bolan “Bürgüt” toparyna 20 müň dollar möçberinde pul baýragyny bermek baradaky görkezmä-de gol goýdy.

Resmi düşündiriş berilmedi

Buzuň üstündäki hokkeý Türkmenistanda sportuň täze bir görnüşi. Emma mundan öň türkmen sportsmentleri agyr atletika, ok atmak ýaly sportuň görnüşlerinde dünýä meşhurlygyny gazanmagy başarypdylar. Bulara mysal hökmünde, agyr atletika boýunça ençeme gezek halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan Altymyrat Orazdurdyýewi, ok atmak boýunça dünýäniň we Ýewropanyň ençeme gezek çempiony, 1960-njy ýyldaky Rim Olimpiadasynda kümüş medaly alan Marat Nyýazowy ýatlap bolar.

Şeýle-de, ýakynda türkmen futbolçylarynyň Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň çagyryş kubogy ugrundaky ýaryşyň final oýnuna çykandyklaryny-da ýatlamak ýerliklidir.

Ýöne indi sportuň buzuň üstündäki hokkeý görnüşine türkmen hökümetiniň aýratyn üns berip başlamagynyň anyk sebäbi barada häzirlikçe hiç hili resmi düşündiriş berilmedi.

Bu ýagdaýlar Türkmenistanyň futbol mekdeplerine müdirlik eden, belli futbolçy Anatoliý Fominde hem belli bir soraglary döredýär. Ol hokkeý sportuna köp derejede pul we serişde sarp edilenden, türkmenleriň ussatlyk bilen çykyş edýän beýleki sport görnüşlerine üns berilse, has netijeli boljakdygyny aýdýar: “Munuň ýerine köpräk futbol meýdançalary gurulsa, gowy bolardy. Biziň çagalarymyz muny höwes bilen oýnaýarlar. Üstesine, bu ugurda olaryň uly ukyby-da bar”.

Sişenbe güni geçirilen maslahatda Berdimuhamedowyň hokkeý toparlaryny döretmek barada tabşyryk bermeginden soň, ýurduň Içeri işler ministrligi öz hokkeý toparyny eýýäm düzendigini habar berdi. Bu wakadan öň hem ýurtda dört sany hokkeý topary döredilipdi.

Prezidentiň hokkeýi ösdürmek boýunça beren tabşyryklarynyň näderejede amala aşjakdygy barada häzirlikçe anyk bir zat çaklamak kyn.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG