Sepleriň elýeterliligi

Çeçenistanda gybata garşy kampaniýa başlandy


Çeçenistandaky "Ramzan" atly watançylar klubunyň agzalary Groznyda prezident Ramzan Kadyrowy goldaýjy moto-demonstrasiýa geçirýärler. Grozny, 5-nji aprel, 2012.

Çeçenistandaky "Ramzan" atly watançylar klubunyň agzalary Groznyda prezident Ramzan Kadyrowy goldaýjy moto-demonstrasiýa geçirýärler. Grozny, 5-nji aprel, 2012.

Şu günler Orsýetiň Çeçenistan respublikasynda gep-gybatlaryň ýaýramagyna garşy ýörite kampaniýa geçirilýär.

Bu kampaniýanyň çäklerinde respublikanyň dürli künjeklerinde “Agzy diňe iýmitlenmek üçin açmalydyr” diýen ýazgyly plakatlar ýerleşdirildi.

Şeýlelikde, Çeçenistanyň häkimiýetleri öz raýatlaryny nusga alarlyk adamlara öwürmek üçin nobatdaky bir geň inisiatiwany öňe sürdüler.

Bu kampaniýanyň çäklerinde Çeçenistanyň Ýaşlar komiteti “Gybatsyz ýurt” diýen şygar astynda gep-gybatlaryň ýaýramagyna garşy işe başlady. Bu çäreleriň çäginde Çeçenistanyň köçelerinde “Maşyn süreniňde ümsüm bolsaň, barjak ýeriňe çalt ýetersiň”, “Agzy diňe iýmitlenmek üçin açmalydyr”, “Beýik Taňry gybata garşydyr” ýaly şygarlar ýazylan plakatlar asyldy.

Kampaniýanyň maksady näme?

Bu kampaniýanyň esasy maksady taksi hem awtobus sürüjilerini ýurtdaky syýasy ýagdaý barada ýolagçylar bilen pikir alyşmaz ýaly etmekden ybarat. Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrowyň özi barada aýdylýan degişmeleriň soňuna çykylmak üçin şeýle görkezme berendigi çaklanylýar.

Groznydaky taksi maşynlarynyň aýnalarynda gep-gybatlara garşy asylan şygarlardan biri. Aprel, 2012.

Groznydaky taksi maşynlarynyň aýnalarynda gep-gybatlara garşy asylan şygarlardan biri. Aprel, 2012.

Ramzan Kadyrowyň özüni geň alyp barmagy, şol sanda käbir maglumatlara görä, käbir ýagdaýlarda ministrlerine el galdyrmagy ýaly wakalar il arasynda dürli degişmedir-anekdotlaryň peýda bolmagyna getirdi.

Ýöne gep-gybatlaryň ýaýramagyna garşy alnyp barylýan bu işler häzirlikçe netije berýäne meňzänok.

Nägilelikleri artdyrýar

Çeçenistanyň paýtagty Groznyý şäherinden özüni Suleýman diýip tanadan ýaşaýjy ýurtda gep-gybatlaryň ýaýramagyna garşy plakatlaryň asylmagynyň ilata ýerli çinownikler barada has köp gürrüň etmäge itergi berendigini aýdýar.

Ol: “Bu biz üçin täzelik däl. Şeýle ýagdaý Staliniň döwründe-de bolupdy. Şol wagtlar häkimiýetler raýatlaryň köpüsini içaly tutunyp, goňşy-golamlarda edilýän gep-gürrüňleriň özlerine ýetirilmegini tabşyrýardylar. Bu hem edil şolar ýaly bir ýagdaý. Adamlaryň ‘taryh iki gezek gaýtalanýar - birinji gezek betbagtçylyk görnüşinde, ikinji gezegem degnaňa degmek üçin gaýtalanýar diýýänleri dogrudyr” diýip, özüniň bu alnyp barylýan kampaniýa bolan nägileligini mälim etdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG