Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan–Orsýet: Hyzmatdaşlyklaryň ümzügi niräk?


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Orsýetiň premýer-ministriniň birinji orunbasary W.Zubkow bilen Awaza turistik zonasynda duşuşykda. 12-nji awgust, 2011.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Orsýetiň premýer-ministriniň birinji orunbasary W.Zubkow bilen Awaza turistik zonasynda duşuşykda. 12-nji awgust, 2011.

Aşgabatda 10-11-nji aprelde Türkmenistanyň we Orsýetiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň düýbüniň tutulmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli duşuşyklar geçirildi.

Şu hepde Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň düýbüniň tutulmagyna dogry 20 ýyl doldy.

Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat wekili Alekseý Musin bu sene mynasybetli 10-11-nji aprelde Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary, döwlet sekretary Grigoriý Karasiniň Aşgabada sapar edip, ýurtlaryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň düýbüniň tutulmagynyň 20 ýyllygyna we iki ýurduň dostluk hem hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşandygyny aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Grigoriý Karasini Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow hem kabul edipdir.

Özara problemalar gozgaldymy?

Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maglumatyna görä, Aşgabatdaky duşuşyklar çäkli düzümde geçirilipdir. Gepleşiklerde ýurtlaryň arasynda bar bolan dawaly meseleleriň gozgalyp-gozgalmandygy habar berilmeýär.

Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda şu günki güne çenli çözgütsiz galýan temalaryň biri-de goşa raýatlyk meselesidir.

Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat wekili Alekseý Musin bu temanyň Aşgabatdaky resmi gepleşiklerde gozgalyp-gozgalmanlygyny aýtmady, emma ol bu temanyň Orsýet Federasiýasynyň daşary işler ministriniň ornbasary Grigoriý Karasinyň 11-nji aprelde Türkmenistanda orsýet watandaşlarynyň koordinasion geňeşiniň agzalary bilen geçirilen duşuşygynda gozganlygyny belledi.

Ol: “Düýn watandaşlaryň koordinasion geňeşiniň agzlary bilen geçirilen duşuşykda orsýet raýatlarynyň meselesi gozgaldy. Grigoriý Karasin bu meseläniň Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň üns merkezinde durýanlygyny we bu tema syýasy böwet hökmünde garalmaýanlygyny hem-de meseläniň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gepleşikleriň çäginde çözüljekdigini mälim etdi” diýip, gürrüň berdi.

Goşa raýatlygyň ýakyn taryhy

2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistan we Orsýet özara goşa raýatlyk ylalaşygyny ýatyrmak barada protokola gol çekipdiler. 1993-nji ýylda ýurtlaryň şol wagtky prezidentleri Saparmyrat Nyýazow bilen Boris Ýelsiniň arasynda baglaşylan bu ylalaşyk, käbir maglumatlara görä, ýüz müňden gowrak türkmenistanlylara orsýet pasportyna eýe bolmaga mümkinçilik döredipdi.

2003-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň parlamenti bu ylalaşygy ýatyrmak baradaky protokoly ratifikasiýa edip, “Goşa raýatlyk ylalaşygynyň” güýjüni ýitirenligini döwlet derejesinde yglan edipdi.

Orsýet Federasiýasy ylalaşygy ýatyrmak barada 2003-nji ýylda ikitaraplaýyn protokola gol goýan hem bolsa, bu dokumenti parlament derejesinde ykrar etmedi we şu sebäpden ylalaşyga güýjünde galýan dokument hökmünde garamagyny dowam etdirýär.

Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, ýurtlaryň arasynda goşa raýatlyk meselesi boýunça gepleşikler dowam etdirilýär. Bu gepleşikleriň birinji tapgyry şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda geçirilipdi, ikinji tapgyrynyň maý aýynda Moskwada geçirilmegine garaşylýar.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG