Sepleriň elýeterliligi

Siriýada täze ylalaşyk güýje girdi


Siriýanyň Homs prowinsiýasyndaky Juret al-Şaýah şäherinde hökümet güýçleriniň geçiren hüjümerinden soňky bir görnüş. 10-njy aprel, 2012.

Siriýanyň Homs prowinsiýasyndaky Juret al-Şaýah şäherinde hökümet güýçleriniň geçiren hüjümerinden soňky bir görnüş. 10-njy aprel, 2012.

12-nji aprelden başlap Siriýada ok atyşlygy bes etmek boýunça ylalaşyk güýje girdi. Mundan bir gün öň resmi Damask harby operasiýlary togtatmaklyga söz berdi. Gozgalaňçylar hem hüjümleri bes etjekdiklerini mälim etdiler.

BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa meseleleri boýunça wekili Kofi Annanyň planyna görä, Siriýanyň hökümeti ýurduň şäherlerinden esgerleridir tanklary çykarmaly. Gürrüňi gidýän bu çärelere mundan iki gün ozal başlanmaly bolsa-da, häzire çenli bu durmuşa geçenok. Prezident Başar al-Assadyň režimi, aslynda, bu çäräni ýerine ýetirjekdigi ýa-da ýetirmejekdigi barada häzire çenli hiç zat aýdanok.

ABŞ-nyň resmileri-de Assadyň öz wadasynda durjakdygyna optimizm bilen garanoklar. Amerikanyň BMG-däki ilçisi Susan Raýsyň aýtmagyna görä, Siriýanyň berýän wadalarynyň ýerine ýetiriljekdigine “ynam juda çäkli”.

Moskwa bilen Tährandan goldawa garaşylýar

Bu wakalar bilen bir wagtda Waşingtonda G-8 toparynyň daşary işler ministrleri Siriýadaky krizisi maslahat etmek üçin duşuşyk geçirýärler. Duşuşygyň dowamynda Moskwanyň Siriýa has köp basyş görkezmegini gazanmak boýunça çagyryşlaryň edilmegine garaşylýar.

BMG-niň we Arap Ligasynyň wekili Kofi Annan Tähranda Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi bilen Siriýadaky ýagdaýlary maslahatlaşdy. Tähran, 11-nji aprel, 2012.

BMG-niň we Arap Ligasynyň wekili Kofi Annan Tähranda Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi bilen Siriýadaky ýagdaýlary maslahatlaşdy. Tähran, 11-nji aprel, 2012.

Kofi Annan Tährana edýän saparynyň çäginde Eýrany Siriýadaky krizisi kadalaşdyrmaga hemaýat bermäge çagyrdy.

“Eger-de biz birek-birek bilen hyzmatdaşlyk edip, siriýalylar bilen bilelikde işleşsek, onda biz meseleden çykalga taparys. Men Eýranyň edýän kömegine diýseň şat. Tähranyň Siriýa bilen aýratyn gatnaşyklary bar. Men Eýranyň çözgüdiň tarapynda durjakdygyna ynanýaryn” diýip, Annan belledi.

Tähran Assady saklamak isleýär

Öz gezeginde, Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi Assada mümkinçilik döretmek üçin maý berilmelidigini we Siriýa daşardan çozulmaly däldigini nygtap çykyş etdi.

Moskwa bilen Tähran öňden bäri Damaskyň ýakyn ýaranlary hökmünde tanalyp gelinýär.

Mundan ozal Orsýet bilen Hytaý BMG-niň Siriýadaky rehimsizligi ýazgaryjy iki sany rezolýusiýasyna weto goýupdylar. Ýöne, beýleki tarapdan, Orsýet bilen Hytaý Kofi Annanyň missiýasyny goldaýandyklaryny aýdýarlar.

BMG-niň maglumatlaryna görä, Siriýada bir ýyl töweregi wagt bäri dowam edýän gandöküşikligiň netijesinde 9 müň töweregi adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG