Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdepler ene-atalaryň puluna garaşýar


Aşgabatly mugallym: "Aslyýetinde, mugallymlaryň ene-atalardan remont üçin pul ýygnamaga haky ýok. Ýöne olary muňa mejbur edýärler".
Aşgabatly mugallym: "Aslyýetinde, mugallymlaryň ene-atalardan remont üçin pul ýygnamaga haky ýok. Ýöne olary muňa mejbur edýärler".
Türkmenistanda orta mekdepleriň okuwçylarynyň üç aýlyk tomus kanikullarynyň başlanmagyna bir aýdan gowrak wagt galdy. Adat boýunça, ýurduň orta mekdepleriniň köpüsinde häzir klas otaglarynyň remonty üçin ýygnaljak pullar barada ene-ata ýygnaklary geçirilýär.

Bu ýygnaklara mekdep okuwçylarynyň ene-atalary çagyrylyp, öz çagalarynyň okaýan klas otaglarynyň nähili remont ediljekdigi, onuň näçe pula düşjekdigi we her bir ene-atanyň näçe pul goşmalydygy barada habar berilýär.

“Ýokardan gelýän buýruk”

Aşgabatdaky orta mekdepleriň biriniň mugallymy, 38 ýaşly Aman mekdepleriň mugallymlarynyň özlerine berkidilen klas otaglaryny her ýyl remont etmelidigini aýdýar: “Şonuň üçin mugallymlar okuwçylarynyň ene-atalaryndan pul ýygnamaly bolýarlar. Aslyýetinde, mugallymlaryň ene-atalardan remont üçin pul ýygnamaga haky ýok. Ýöne olary mejbur edýärler. Mekdebi remont etmek üçin ene-atalardan pul ýygnamaklyk ýokardan gelýän we dilden aýdylýan buýruk”.

Amanyň aýtmagyna görä, mekdebiň klas otaglarynyň remonty bilen bagly ähli meseleler şol klas otaglarynda sapak berýän mugallymyň gerdenine düşýär.

“Remont üçin pul tapmak, remonty etdirmäge işçileri hakyna tutmak, arzan gurluşyk materiallaryny gözlemek ýaly remont bilen bagly işlerem mugallymyň gerdenine düşýär. Şu zatlaryň hemmesine ýetişmek üçin mugallymlar şu wagtdan remont bilen bagly işleriň aladasyny edip başlaýarlar. Ýogsam, klasy remont edip tabşyrmasa, mugallym wagtynda otpuska goýberilmeýär” diýip, 38 ýaşly mekdep mugallymy Aman ýagdaýy düşündirýär.

Türkmenistanda soňky ýyllarda gurulýan ak mermer bilen örtülen täze orta mekdepleriň sany hem birneme artýar. Täze gurulýan mekdeplerde mugallymlara sapak bermek, okuwçylara bolsa okamak üçin amatly şertler-de göz öňünde tutulýar.

Emma, muňa garamazdan, Türkmenistandaky orta mekdepleriň aglabasy henizem SSSR döwründe gurlan mekdepler. SSSR döwründe gurlan bu mekdepleriň ýagdaýy bolsa, täze gurulýan mekdepler bilen deňeşdirer ýaly däl.

Köne mekdepleriň köpüsiniň düýpli remonta mätäçdigi gurluşykdan başy çykmaýan adamlara-da äşgär. Şonuň üçin, mekdepleri remont etmek işi her ýyl tomus kanikuly golaýlaşdygyça mekdep okuwçylarynyň ene-atalarynyň aladalaryny köpeldýär.

Pully meseläniň çözülişi

Mekdebiň klas otaglary üçin ene-atalardan ýygnalýan puluň möçberi dürli-dürli. Aşgabatly 34 ýaşly Amangül remont üçin ýygnalýan puluň ediljek remonta we klasda okaýan çagalaryň sanyna baglydygyny aýdýar.

Ol: “Eger-de klasda köp okuwçy okaýan bolsa, goşulýan pul az bolýar. Men üçünji klasy gutarýan oglum üçin 30 manat goşdum. Ikinji klasy gutarýan oglumyň okaýan klasynyň remonty üçin bolsa 20 manat pul berdim. Sebäbi uly oglumyň okaýan klasynda remont işleri köp boljak. Kiçi oglumyň okaýan klas otagyny geçen ýyl düýpli remont etdiripdik”.

Amangüliň aýtmagyna görä, mekdepleriň klas otaglarynyň remonty üçin ýygnalýan puly ene-atalaryň ählisi berip bilmeýär: “20-30 manadyň hiç zat ýaly bolup görünmegi-de mümkin. Emma ene-atalaryň käbirleri şol pullary berip bilenoklar. Şol sebäpden kähalatda goşmaça pul ýygnamaly-da bolýar”.

Ene-atalardan ýygnalýan pullar, esasan, mekdebiň klas otaglarynyň remonty üçin sarp edilýär. Orta mekdebiň mugallymy Aman mekdebiň beýleki otaglarynyň we koridorlarynyň remonty üçin puluň mekdebiň mugallymlaryndan ýygnalýandygyny aýdýar.

Statistiki maglumatlara görä, Türkmenistanda orta mekdepleriň sany 1700-den geçýär. Olarda takmynan her ýyl 100 müňden gowrak okuwçy 1-nji klasa kabul edilýär. Jemi orta mekdeplerde okaýan okuwçylaryň sany 1 milliona ýetýär. Orta mekdepleriň okuwçylaryny okadýan mugallymlaryň sany bolsa 70 müňe golaý. Şunlukda, orta bilim bilen bagly meseleler takmynan ýurduň ilatynyň bäşden bir bölegine gönüden-göni öz täsirini ýetirýär.
XS
SM
MD
LG