Sepleriň elýeterliligi

Moskwada GDA-nyň ykdysady geňeşiniň komissiýasynyň maslahaty geçdi


Çarşenbe güni Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ykdysady geňeşiniň ýörite komissiýasynyň nobatdaky maslahaty boldy. Ol Türkmenistanyň Orsýet Federasiýasyndaky ilçihanasynyň maslahatçysy Myrat Ýazberdiýewiň ýolbaşçylygynda geçdi diýip Orsýetiň metbugaty ýazýar.

Bu duşuşykda birnäçe meseleler, şol sanda, Arkalaşyga agza ýurtlaryň döwletara tehniki reglamentleri baradaky ylalaşygyň taslamasy barada hem gürrüň edildi.

Maslahatda “Mir” döwletara tele-radio kompaniýasynyň çägindäki “Mir-24” maglumat telekanaly we bu telekanalyň maliýe-ykdysady esasy baradaky konwensiýalaryň taslamasy-da makullandy. Onuň dowamynda başga dokumentler barada hem gürrüň edildi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ykdysady geňeşiniň ýörite komissiýasynyň nobatdaky maslahaty 2012-nji ýylyň 16-njy maýynda geçiriler diýip, Orsýetiň metbugaty ýazýar.
XS
SM
MD
LG