Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň ýolbaşçylary öz girdejileri barada maglumat çap etdiler


Orsýetiň prezidenti we premýer-ministri öz internet saýtlarynda 2011-nji ýyldaky girdejileri barada maglumat çap etdiler.

Olaryň maglumatyna laýyklykda, prezident Dmitriý Medwedew geçen ýylda 3 million 371 müň 270 rubl gazanypdyr. Ol 2010-njy ýyldaka garanyňda 7 müň rubl az gazanç edipdir.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin bolsa, geçen ýyl 3 million 661 müň 765 rubl gazanypdyr. Putin 2010-njy yyldaka garanyňda 1.5 million töweregi rubl az gazanypdyr. Onuň aýaly Ludmila Putina bolsa, geçen ýyl bu ýylkydan üç esseden hem köp gazanypdyr.

Orsýetiň hökümet agzalarynyň öz girdejileri barada beren maglumatlaryna görä, 2011-nji ýylda hökümet agzalarynyň arasynda iň köp gazanç eden Orsýetiň premýer- ministriniň orunbasary Aleksandr Hlolonin.Ol geçen ýyl 485 million çemesi rubl gazanç edipdir.
XS
SM
MD
LG