Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň kabul etrmekçi bolýan täze kanuny Orsýeti alada goýýar


Çarşenbe güni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň aýtmagyna görä, ABŞ-nyň senatorlarynyň orsýetli ýurist Sergeý Magnitskiniň türmede ölmegi bilen bagly teklip eden kanunynyň iki ýurduň gatnaşyklaryna zeper ýetirmegi mümkin.

Lawrow telewideniýede eden çykysynda bu kanuny “Orsýete garşy” we “Orsýetiň içki işlerine goşulmaga synanyşyk” diýip häsiýetlendirdi.

37 ýaşly aklawçy Magnitskiý 2009-njy ýylda wagtlaýyn tussaghanada öldi. Ol Orsýetiň ýokary derejeli resmileriniň maliýe galplyklary baradaky maglumatlary äşgär edipdi.

Magnitskiniň türmede zerur medisina kömeginiň berilmändigi sebäpli ölendigi aýdylýar. Şu hepde Orsýet işine sowuk-sala çemeleşendigi üçin Magnitskiniň ölümine sebäp bolanlykda aýyplanýan iki lukmanyň birine garşy jenaýat aýyplamasyny ýatyrdy.

Amerikan senatorlarynyň teklip eden kanuny adam hukuklaryny bozan orsýetli ýokary derejeli resmilere garşy gadaganlyklary göz öňünde tutýar.
XS
SM
MD
LG