Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gyrgyzystanyň Talas şäherinde köpçülikleýin protest yörişi geçirildi


Düýn Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Talas şäheriniň 200 çemesi ýaşaýjysy protest ýörişini geçirdi.

Ony gurnaýjylaryň habar bermeklerine görä, protestçiler ýurtdaky ýagdaýlaryň diskussiýa edilmegini talap edýärler. Bu ýörişi “Gyrgyzystanyň täze güýçleri “ atly jemgyýetçilik topary gurnady.

Mundan öň bu hereketiň lideri Kubak Toksoboewiň ýerli media aýtmagyna görä, ol prezident Almazbek Atambaýewi, syýasy partiýalaryň liderlerini we aktiwistleri ýörişe çagyrypdyr.

Emma, ne Atambaýew, ne-de beýleki syýasy partiýalaryň liderleri bu ýörişe gatnaşypdyrlar.

Kubak Toksoboýew öz hereketiniň oppozisiýa hiç-hili gatnaşygynyň ýokdugyny we halkyň häzirki oppozisiýa liderlerinden ýadandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG