Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä liderleri Siriýany plana doly boýun bolmaga çagyrýar


Fransuz prezidenti Nikolas Sarkozi özüniň amerikan kärdeşi Barak Obama bilen wideo maslahat edýär. Pariž, 12-nji aprel, 2012.
Fransuz prezidenti Nikolas Sarkozi özüniň amerikan kärdeşi Barak Obama bilen wideo maslahat edýär. Pariž, 12-nji aprel, 2012.

Dünýä liderleri Damasky BMG-niň araçyllygyndaky atyşygy kesmek planynyň doly ýerine ýetirilmegine çagyrýarlar. Bu plan ýurtda penşenbe gününden amala aşyrylyp başlandy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we fransuz prezidenti Nikolas Sarkozi Siriýanyň halkara ilçisi Kofi Annanyň alty punktdan ybarat parahatçylyk planyny doly ýerine ýetirmelidigi we hut şeýle etmelidigi barada bir pikire geldi.

Amerikan we fransuz prezidentleri telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky "gazaply basyp ýatyryşy" togtatmak üçin tagallalary güýçlendirmek, şol sanda Howpsuzlyk geňeşindäki işi tijemek kararyna geldiler.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton bolsa, atyşygyň bes edilmeginiň diňe ilkinji ädimdigini belläp, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režiminiň syýasy geçişi kabul etmelidigini nygtady.

Ylalaşygy Moskwa bilen Pekin hem goldaýar

Orsýetiň ilçisi Witialiý Çurkin BMG-de Moskwanyň hem bu ylalaşygyň doly ýerine ýetirilmegini isleýändigini we Siriýa gözegçilik missiýasyny goldaýandygyny aýtdy.

"Biz Siriýa gözegçilik missiýasynyň ýerleşdirilmeginiň tarapdary bolup gelýäris we synçylaryň kämilleşdirilen topary ol ýere gaty basym hem eltilip biler" diýip, Çurkin aýtdy.

Hytaýyň BMG-däki ilçisi Li Baodoň hem ylalaşygyň doly ýerine ýetirilmegine çagyrdy we Damask, parahatçylyk planynda boýun bolşy ýaly, gozgalaň turan şäherlerden goşunlaryny çykarmaly diýdi.

Annan penşenbe güni Nýu-Ýorkda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine Siriýanyň, atyşygy bes edenligine garamazdan, parahatçylyk planynyň hemme şertini ýerine ýetirmeýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýs şondan soň žurnalistlere Annan Damaskyň gozgalaňçy şäherlerden goşun çykarmak baradaky sözünde durmaýandygyny aýtdy diýdi.

"Jenap Annan bu günki bolan zatlaryň Siriýanyň hökümetiniň ylalaşygyň ähli şertini, hususan-da planyň alty punktundan ikisini berjaý etmeýändigini, siriýa goşunlarynyň we ýaraglarynyň ilatly merkezleriň töwereginde galýandygyny görkezendigini tassyklady" diýip, Raýs aýtdy.

Ban: "Häzir ýagdaý kadalaşan ýaly"

BMG-niň baş sekretary Pan Gi-Mun Ženewada atyşygy kesmek güýje girenden soň, beren sözünde durmak we atyşygyň gaýtadan başlanmazlygy babatdaky jogapkärçilik siriýa hökümetiniň üstüne düşýär diýdi.

"Edil häzir ýagdaý kadalaşan ýaly görünýär. Biz muňa ýakyndan syn edýäris. Emma ozal siriýa hökümeti tarapyndan berlen köp sözüň tutulmanlygy üçin, dünýä muňa ynamsyz garaýar" diýip, Ban aýtdy.

Şeýle-da Ban bu konflikti mundan aňryk harbylaşdyrmagyň çözgüt däldigini, özüniň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi bilen Siriýa synçylar toparyny mümkin boldugyça çalt ibermegiň üstünde işleýändigini aýtdy.

Aktiwistler Siriýada dördünji gün hem zorlukly wakalaryň bolandygyny, prezident Başar al-Assada ygrarly güýçleriň binäçe ýerde asuda ilaty oka tutup, azyndan üç adamy öldürendiklerini aýdýarlar.

Siriýanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty Aleppo şäherinde ýol ýakasynda partlan bombanyň bir goşun ofiserini öldürip, 24 ofiseri we kadeti ýaralandygyny habar berdi.

Taraplaryň ikisi-de, ýagny Damask we ýaragly oppozisiýa atyşygy kesmek kadalaryna boýun boljakdyklaryny, ýöne hüjüm edilse gaýtargy bermäge taýýardyklaryny adýar.

Annanyň plany esasynda, atyşyk soňlanyp, goşun çykarylandan soň, ýurda synçylar missiýasy ýerleşdirilmeli we Assadyň hökümeti bilen syýasy oppozisiýanyň arasynda syýasy geçiş baradaky gepleşikler başlanmaly.
XS
SM
MD
LG