Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Phenýan kosmos raketasynyň şowsuzlygyny boýun aldy


Amerikanyň we Günorta Koreýanyň resmileri raketanyň uçuşynyň tiz tamamlananlygyny we onuň Seuldan günbatara tarap 165 kilometr uzaklykda deňze gaçanlygyny aýdýarlar.
Amerikanyň we Günorta Koreýanyň resmileri raketanyň uçuşynyň tiz tamamlananlygyny we onuň Seuldan günbatara tarap 165 kilometr uzaklykda deňze gaçanlygyny aýdýarlar.
Demirgazyk Koreýanyň döwlet habar serişdeleri ýurduň uçuran raketasynyň bellenilen orbita çykmanlygyny anna güni habar berdiler.

Döwlet telewideniýesinde berlen habara görä, “Koreýa Demokratik Halk Respublikasy hepdäniň anna güni ir sagat 7:38-de ýurduň demirgazygyndaky Pýongen regionynyň Çolsan atly ýerinde “Sohae” sputnik stansiýasyndan “Kwangmyongsong-3” atly ilkinji emeli hemrany uçurupdyr.

Ýörite raketanyň kömegi bilen kosmosa uçurylan bu sputnik görkezilen orbita ýetmedi. Alymlar, tehniki işgärler we bilermenler häzir munuň sebänini anyklaýarlar.

Amerikanyň we Günorta Koreýanyň resmileri raketanyň uçuşynyň tiz tamamlananlygyny we onuň Seuldan günbatara tarap 165 kilometr uzaklykda deňze gaçanlygyny aýdýarlar.

BMG-niň rezolýusiýasy

Halkara jemgyýetçiligi Demirgazyk Koreýanyň kosmosa raketa uçurmak synanyşygyny ýazgardy. “Uly sekizlige” girýän ýurtlaryň liderleri bu synagyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasyna ters gelýändigini bellediler.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow halkara jemgyýetçiliginiň Demirgazyk Koreýany uzaga ýetýän raketanyň synagyny geçirmezlige çagyranlygyny belledi we munuň “alty taraplaýyn gepleşiklere gatnaşyjylaryň hemmesiniň pozisiýasydygyny” aýtdy.

Demirgazyk Koreýanyň atom energiýasy we raketa programmasy boýunça dartgynlylygy gowşatmak maksady bilen alnyp barylýan alty taraplaýyn gepleşiklere Orsýet, Hytaý, ABŞ, Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Demirgazyk Koreýa gatnaşýar.

Ýaponiýa öz aladasyny bildirdi

Ýaponiýa Demirgazyk Koreýanyň raketasynyň synagyny ýolberilmesiz diýip atlandyrdy.

Premýer-ministr Ýoşihiko Noda hepdäniň anna güni parlamentde eden çykyşynda Demirgazyk Koreýanyň bu synagyna Ýaponiýanyň gahar-gazabyny beýan edýänligini aýtdy. Nodanyň sözlerine görä, Ýaponiýa Demirgazyk Koreýany BMG-niň rezolýusiýasynda görkezilen talaplary doly berjaý etmeklige çagyrýar.

Şeýle-de, Ýaponiýa Demirgazyk Koreýany 1977-1983-nji ýyllar aralygynda Ýaponiýanyň ençeme raýatlaryny ogurlamakda we olary Demirgazyk Koreýanyň içalylar mekdebinde okamaga mejbur etmekde aýyplaýar.

Ak Tamyň wekili Jeý Karni Demirgazyk Koreýanyň raketasyny uçurmak bilen özüni halkara jemgyýetçiliginden hasam uzňeleşdirýänligini aýtdy. Ol şeýle-de Phenýanyň prowokatiw hereketlere baş goşmak bilen, halk açlyk çekýärkä, ýaraga we propaganda maksatlaryna puluny sarp edýänligini belledi.

ABŞ, Günorta Koreýa we beýleki ýurtlar Phenýanyň emeli hemra boýunça synagyny raketa tehnologiýalarynyň synagy diýip atlandyrýarlar.
XS
SM
MD
LG