Sepleriň elýeterliligi

“Titanik” heläkçiliginiň 100 ýyllygy: ermeni ýolagçysynyň ykbaly


Nemes hudožnigi Willi Stöweriň (1864–1931) "Titanigiň gark bolmagy" atly kartinasy.

Nemes hudožnigi Willi Stöweriň (1864–1931) "Titanigiň gark bolmagy" atly kartinasy.

14-15-nji aprelde “Titanik” gämisiniň gark bolmagynyň dogry 100 ýyllygy bellenip geçilýär.

1912-nji ýylda heläkçilige uçran şol “Titanik” atly äpet we baý bezelen gäminiň ýolagçylarynyň hemmesi keýpi-sapa çekip ýören baý adamlar däldi. Ýolagçylaryň ýarpysy okeanyň beýleki tarapyndan Amerikada we Kanadada has gowy durmuşyň gözlegine ýola çykan zähmetkeş immigrantlardy.

Şolardan birem Osman imperiýasyndan gaçyp gutulmak üçin “Titanigiň” üstünde peýda bolan we gämidäki betbagtçylykdan hem gutulan Neşan Krekorýan.

20 ýaşyndaka Neşan Krekorýanyň atasy oňa günbatar Ermenistandaky öýüni terk edip, Atlantika okeanynyň aňry ýüzünde täze durmuşa başlamagy maslahat beripdir. Şol döwürde müňlerçe ermeni türkler tarapyndan özlerine garşy barha güýçlenýän zulumdan gaçyp gutulmaga synanyşan eken.

Şeýlelikde, Krekorýan betbagtçylyga uçran gämä münmek üçin tutuş Ýewropanyň üstünden geçipdir. Onuň agtygy Wan Solomonýanyň beren gürrüňine görä, Neşan Krekorýanyň maksady Kanada aşyp, şol ýerde ornaşmak we öz inilerini ýanyna getirmek bolupdyr. Krekorýan “Titanik” gämisiniň 700-e golaý 3-nji derejeli ýolagçylarynyň hatarynda ýola düşüpdir.

Göz bilen görlen betbagtçylyk

Skandinawiýanyň, Gündogar Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň dürli künjeklerinden bolan immigrantlar gämä münmek üçin bilet we bir hepdelik ýoluň dowamynda ýatara ýer we naharlanmak üçin ýönekeý şertler üçin häzirki puldan 1 müň dollar çemesi pul töläpdirler.

Atlantika okeanynyň düýbünde ýatan "Titanik" gämisiniň galyndylary. 7-nji awgust,1998.

Atlantika okeanynyň düýbünde ýatan "Titanik" gämisiniň galyndylary. 7-nji awgust,1998.

Betbagtçylyk syýahatyň bäşinji güni ýüze çykypdy. 1912-nji ýylyň14-nji aprelinde ýarygijä golaý gämi Demirgazyk Atlantikada aýsbergi - buz dagyny süsüp, gark bolup başlaýar.

Wan Solomonýanyň gürrüň bermegine görä, bu betbagytçylyk onuň atasy öz ýoldaşlary bilen kart oýnap oturan wagty ýüze çykypdyr. Adamlar başda sarsgyny duýup, soň tutuk sesi eşidipdirler.

Gäminiň 3-nji klasly bölümindäki ýolagçylaryň esasy kynçylygy olaryň iň aşaky bölümde ýerleşmegi bolupdyr. Şeýlelikde, Krekorýan birnäçe erkek kişi bilen bilelikde zynjyrly gulpy döwüp, ýokarky gatlara ýetmäge mejbur bolupdyr. “Atam 10-njy gaýyga münmegi başarypdyr” diýip, Neşan Krekorýanyň agtygy Wan Solomonýan aýdýar.

Emma gäminiň 3-nji klasly bölegindäki ýolagçylaryň üçden iki böleginden gowragy gämi bilen bile gark bolupdyr. Gäminiň 2200-den gowrak ýolagçysyndan diňe 700 çemesi adam halas edilýär.

Kanadadaky durmuş

Neşan Krekorýan ahyrky netijede Kanada aşýar we Sant Katarinas şäherinde ornaşýar. Ol “Jeneral Motors” zawodynda işçi bolup, öz atasynyň arzuwyny ýerine ýetirýär, inilerini-de öz ýanyna alyp, soňra şäherde ermeni buthanasyny gurmaga ýardam berýär.

Neşan Krekorýan 89 ýaşynda dünýäden ötýär. Sant Katarinas şäherinde önüp-ösen we häzirki wagt Kanadanyň Toronto şäherinde ýaşaýan Wan Solomonýan öz atasynyň ýuwaş adam bolanlygyny, onuň iňlis dilinde az geplänligini aýdýar.

Krekorýan “Titanik” gämisindäki betbagtçylyk barada seýrek gürrüň berer eken. Wan Solomonýan şol heläkçilikde kömege çagyryp, jan beren ýolagçylar barada atasyndan diňe gysga gürrüňleri eşidenligini aýdýar, emma atasynyň şol wakalary hiç wagt ýatdan çykarmanlygyny bilýär.

Wan Solomonýan şol betbagtçylykdan soň atasynyň gaýdyp hiç wagt gämä münmänligini we suwa düşmänligini ýatlaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG