Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astanababanyň meşhurlygy peselýärmi?


Astanababa mawzoleýiniň işgäri: "Guýunyň suwunyň ýönekeý suw däldigine, gümmeziň içinde ýerleşýän guburlaryň keramatyna we olaryň dürli keselleri bejerýändiklerine ynanmaýan nesil ýetişdi”.
Astanababa mawzoleýiniň işgäri: "Guýunyň suwunyň ýönekeý suw däldigine, gümmeziň içinde ýerleşýän guburlaryň keramatyna we olaryň dürli keselleri bejerýändiklerine ynanmaýan nesil ýetişdi”.
Atamyrat (ozalky Kerki) şäherinden çykyp, Halaç tarapa ugrasaň, uly ýoluň ýakasynda, etrap merkezinden takmynan 12 kilometrlikde il arasynda “Astanababa” diýlip atlandyrylýan taryhy ýadygärlik hem mawzoleý ýerleşýär.

Ol köp wagtdan bäri sada ilatyň doga-dileg üçin zyýarat edýän ýerlerinden biri. Beýleki maksatlar bilen bir hatarda, çagasy bolmaýan gelinleriň çaga, hassalaryň kesellerine şypa, hatda durmuşa çykmadyk gyzlaryň bagt diläp, Astanababa barýanlary az däl.

Şol ýere baryp edilýän aýat-töwirleriň hem dilegleriň kabul bolýanlygy baradaky gürrüň ýurtda giňden ýaýransoň, Astanababa barýanlaryň soňky ýyllara çenli akymynyň hiç kesilmänligi aýdylýar. Emma ýakynda şol ýerde bolanymda, binanyň gözegçilerinden başga, töwerekde aýlanyp ýören diňe birki sany adama gabat geldim.

Mawzoleýiň işgärleriniň biriniň aýtmagyna görä, indi wagtal-wagtal zyýarata gelýän adamlar ýa bu ýere ilkinji sapar gelýänler ýa-da bu binanyň taryhy ýadygärlikdigi bilen gyzyklanýanlar.

Näme üçin barýanlar azalýar?

Bu soraga mawzoleýiň işgärlerinden adynyň agzalmagyny islemedik biri şeýle jogap berdi: “Häzir Astanababa mawzoleýiniň çäginde ýerleşýän guýuda gündizlikde günüň, gijelikde aý-ýyldyzyň görünýänligine, ol guýunyň suwunyň ýönekeý suw däldigine, gümmeziň içinde ýerleşýän Zeýd Alynyň, Zubeýd Alynyň we Gyzlarbibiniň guburlarynyň keramatyna we olaryň dürli keselleri bejerýändiklerine ynanmaýan nesil ýetişdi”.

Astanababa mawzoleýiniň ýanyndaky guýy.
Astanababa mawzoleýiniň ýanyndaky guýy.
Onuň aýtmagyna görä, “Türkmenler, umuman aýdylanda, yrymçyl halk bolansoň, öňler biri keseline şypa gözläp öwlüýä baran bolsa, beýleki biri uzak ýola çykmazdan ozal ýolda betbagtçylyga uçramazlyk üçin, Astanababa zyýarata barar eken, emma bu ýagdaý günsaýyn üýtgäp barýar”.

Şol bir wagtyň özünde-de Astanababa zyýarata barýanlaryň sanynyň azalmagynyň sebäpleriniň arasynda Garaşsyzlyk eýýamynda halkyň dini garaýyşlarynda emele gelen özgerişlikleriň täsiriniň hem bolmagynyň mümkindigi aýdylýar.

Käbir dindarlaryň aýtmagyna görä, öňler türkmen ýaşlary ýokary dini bilim almak üçin Buharadaky ýa-da Hywadaky medreselere okuwa giden bolsalar, soňky döwürlerde bu maksat bilen Müsüri, Saud Arabystanyny, aýratynam Türkiýäni saýlaýarlar.

Şol ýurtlarda bilim alyp gelen mollalaryň öwlüýälere garaýşy tapawutly diýip, dini meseleler bilen gyzyklanýan žurnalist Hudaýberdi Hally aýtdy: “Taryhda türkmen halkynyň iň bilimli adamlary, köp klassyk şahyrlary-da Hywa ýa-da Buhara medreselerini tamamlapdyrlar. Ol medreseler Ymam Agzam, ýagny Hanafa mezhebini ündew edýän eken. Bu däp tä garaşsyzlyk ýyllaryna çenli dowam etdi. Indi Özbegistan bilen serhet berkidildi. Beýleki tarapdan bolsa, Türkiýä we arap ýurtlaryna tarap ýol açyldy”.

Onuň aýtmagyna görä, “arap ýurtlarynda dini bilim alýanlaryň öwlüýälere garaýşy tapawutly. Şunlukda, ýokary bilimi şol ýurtlarda alanlar tapawutly garaýyşlar bilen ýurda dolanýarlar. Mollalar türkmen jemgyýetinde uly rol oýnaýarlar, olaryň sözüne gulak asylýar, aýdanlaryna hormat goýulýar, bu hem öz nobatynda dini ynançlary, belli bir çäkde sopuçylyga daýanýan türkmen halkynyň garaýyşlaryna öz täsirini ýetirýär”.

Beýleki dinler bilen bagly faktorlar

Şol bir wagtyň özünde-de, garaşsyzlyk eýýamynda türkmenleriň arasynda başga dinleri kabul edýän adamlaram peýda boldy.

Türkmenleriň beýleki dinleri kabul edişi baradaky tendensiýa hakda žurnalist hem ýazyjy Hudaýberdi Hally şeýle diýýär: “Meniň pikirimçe, munuň iki sebäbi bar. Birinjisi, elbetde, ynanç – ynam bilen baglanyşykly. Ikinjisi, ykdysady hem syýasy şertler bilen baglanyşykly diýip oýlanýan”.

Astanababa mawzoleýiniň içki korridory.
Astanababa mawzoleýiniň içki korridory.
Žurnalist H.Hallynyň aýtmagyna görä, türkmenleriň din we dine esaslanýan däp-dessurlara garaýyşlarynyň özgermegine beýleki dinleri kabul edýänlaryň köpelmegi täsir edip biler.

Elbetde, Astanababa ýaly mawzoleýlere barýanlaryň sanynyň azalmagy diňe ilatyň käbir gatlagynyň beýleki dinleri kabul edýänligi ýa-da arap ýurtlarynda ýokary bilim alan mollalaryň sanynyň köpelmegi bilenem çäklenmeýär.

Astanababa ýaly mawzoleýlere barýanlaryň uly bir böleginiň dürli kesellerden şypa gözleýänlerden ybaratdygy aýdylypdy. Soňky döwürlerde etrapdyr şäherlerdäki saglyk merkezleriniň gaýtadan kadaly ýagdaýda ýola goýulmagy, ilat üçin bu ugurda zerur amatlyklary döredýar.

Sözi jemläp aýtsak, Astanababa barýanlaryň sanynyň azalmagyna garamazdan, oňa öwlüýä hökmünde bolmasa-da, taryhy ýadygärlik hökmünde barýanlaryň sanynyň gelejekde häzirkisinden artjakdygyna umyt bar.

Astanababanyň häzirki binasy doly restawrasiýa edilip, ol döwletiň goragy astyndaky binalaryň hataryna girizilipdir. Häzirki döwürde mawzoleýiň daş-töwereginde dynç alarlyk ýerler, çaýhanalar hem gurlupdyr. Bu bolsa Türkmenabat-Atamyrat awtoýolundan gatnaýan ýolagçylar üçin dynç almaga şert döredýär.
XS
SM
MD
LG