Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dewid Kameron bilen San Su Çi Mýanmarda çagyryş etdiler


13-nji aprelde Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameron we Mýanmaryň oppozision lideri, Nobel baýragynyň eýesi San Su Çi Mýanmara garşy gadaganlyklary doňdurmaga çagyrdylar.

Olar şeýle çagyryşy Ýangonda bilelikde geçiren metbugat konferensiýasynda etdiler.

Mundan öň Dewid Kameron Mýanmaryň prezidenti Teýn Seýn bilen gepleşikler geçirdi we onuň hökümetiniň demokratiýa tarap eden hereketleriniň “mizemezdigini” aýtdy.

Kameron birnäçe onýyllyklardan soňra Mýanmara sapar eden günbatarly ilkinji döwlet lideri boldy.
XS
SM
MD
LG