Sepleriň elýeterliligi

Siriýada müňlerçe adam hökümete garşy protest ýörişini geçirdi


13-nji aprelde Siriýada müňlerçe adam hökümete garşy protest ýörişini geçirdi. Bu protest Birleşen Milletler Guramasynyň araçyllygynda Siriýada atyşyklar wagtlaýynça bes edilenine 2 gün bolanda geçirildi.

Aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, hökümetiň howpsuzlyk güýçleri protestçilere garşy ýarag ulananda, 3 adam ölüpdir. Käbir sebitlerde howpsuzlyk güýçleri howa ot açdylar we protestçileri ýençdiler.

Mundan daşary, 13-nji aprelde irden hökümetiň güýçleri we gozgalaňçylar Siriýanyň Türkiýe bilen serhediniň golaýynda uruşdylar.
XS
SM
MD
LG