Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanyň ýörite delegasiýasy Türkmenistana sapara bardy


12-nji aprelde Aşgabatdaky “ Mizan” biznes merkezinde türkmen-özbek biznes forumy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Özbegistanyň delegasiýasy Türkmenistana bardy.

Bu delegasiýa Özbegistanyň daşary ykdysady gatnaşyklar, sermaýa we söwda ministri Elýor Ganiýew ýolbaşçylyk edýär.

Bu duşuşyga Türkmenistanyň ministrlikleriniň, edaralarynyň wekilleri, şol sanda, söwda-senagat öýüniň, senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň wekilleri gatnaşdylar diýip, resmi metbugat ýazýar.
XS
SM
MD
LG