Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ÝHHG-nyň Aşgabatdaky wekilini kabul etdi


12-nji aprelde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Sergeý Belýaýewi kabul etdi.

Onuň Türkmenistana missiýasy tamamlanýar. Bu barada Türkmen metbugaty ýazýar.

Prezidentiň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, Berdimuhamedow we Belýaýew gazanylan üstünlikler hem konstruktiw dialogy mundan beýläk-de ösdürmegiň perspektiwalary barada pikir alşypdyrlar.

Olary özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde energetika, sosial-ykdysady hem gumanitar pudaklary, halkara terrorizmine we serhetaşa jenaýatçylyga garşy göreş diýip belländikleri habar berilýlär.
XS
SM
MD
LG