Sepleriň elýeterliligi

Stambulda Eýranyň ýadro gepleşikleri başlandy


Şenbe güni Stambulda Eýranyň we ýene alty döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynda Tähranyň ýadro programmasy baradaky gepleşikler başlandy.

Bu gepleşiklere 15 aýda ilkinji gezek Eýran we P5+1 gepleşik topary, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň bäş hemişelik agzasy hem Germaniýa üçin bir çözgüt mümkinçiligi hökmünde garalýar.

Eýran özüniň ýadro programmasyny ýadro ýaraglaryny ýasamak üçin ulanmakda güman edilýär. ABŞ we ÝB eýýäm Eýrana garşy bir topar sanksiýa girizdi.

Eýran öz ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlardan ugur alýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG