Sepleriň elýeterliligi

Makedoniýada etniki dartgynlylyk güýçlenýär


13-nji aprelde paýtagt Skopýeniň çetinde 5 adamyň öldürilendigi baradaky habardan soň Makedoniýada etniki dartgynlylyk güýçlendi.

Bu waka makedoniýalylar bilen etniki albanlaryň arasyndaky dartgynlylygyň ýitelmegine ebäp boldy.

Polisiýa jesedi tapylan bäş adamyň Skopýe kölüniň golaýynda jezalandyrma görnüşinde öldürilendigini aýtdy.

Dördünji gün jesedi tapylan pidalaryň ählisiniň makedoniýalydygy aýdylýar.

Gazaba çykan makedoniýalylar anna güni şol töwerekde birnäçe köçäni baglady we ol ýere, çaknyşygyň öňüni almak, üçin polisiýa güýçleri ýerleşdirildi.
XS
SM
MD
LG