Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident ogluny terbiýelemedik ministri işden kowdy


President Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyny geçirýär. Aşgabat, 29-njy mart, 2011.
President Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyny geçirýär. Aşgabat, 29-njy mart, 2011.
"RIA Nowosti" habar gullugynyň Aşgabatdan Türkmen telewideniýesine salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda, ogluny ýaramaz terbiýeläni üçin, energiýa we senagat ministri Ýarmuhammet Orazgulyýewi işden boşatdy.

Orazgulyýewiň ogly, prezidentiň aýtmagyna görä, Politehniki institutda bile okaýan student ýoldaşlary bilen çynlakaý ýol hadysasyna sebäp bolupdyr.

Türkmenistanyň içeri işler ministri Isgender Mülikow hökümet maslahatynda çykyş edip, ýokary derejeli ýolbaşçylaryň çagalary bilen baglanyşykly ýol hadysasy barada habar berdi. Ýol hadysasyna galtaşykly studentleriň arasynda işden aýrylan ministriň hem ogly bar eken. Ýarmuhammet Orazgulyýew 12-nji fewralda geçen saýlawlarda prezidentlige dalaş eden kandidatlaryň biridi.

Berdimuhamedow maslahatda bu temadan gürrüňi dowam etdirip, ýolbaşçylaryň käbiriniň öz çagalarynyň edep-terbiýesine ýeterlik üns bermeýändigini, şol bir wagtda ýolbaşçynyň at-abraýynyň onuň çagalarynyň alan terbiýesine we olaryň jemgyýetde özüni alyp barşyna baglydygyny belledi.

Türkmen lideriniň sözlerine görä, terbiýesiz çagalar, adataça, ýokary derejeli ýolbaşçylaryň çagalarynyň günäsi bilen bolan we agyr netijelere getiren ýol hadysasynda bolşy ýaly, biabraýçylykly, betbagtçylykly ýagdaýa düşýärler.

Hökümet maslahatynda gürrüňi edilen ýol hadysasynyň jikme-jiklikleri aýdylmaýar. Maslahatyň dowamynda işden aýyrlan ministr hem çykyş etdi we “öz maşgala agazalyryna döwlet ýolbaşçysynyň atalyk wesýetlerini we pentlerini ýetirip bilmändigini” aýtdy. Orazgulyýew prezidente özüniň döwlet baştutanynyň ynanan islendik wezipesinde ak ýürekden zähmet çekjegini wada berdi.

Gürrüňi edilýän ýol hadysasy sebäpli Türkmen politehniki institutynyň rektory Hydyr Saparlyýew hem işden boşadyldy. Bilim ministri Gülşat Mämmedowa bilen onuň orunbasary Geldimyrat Jumagulyýew bolsa berk käýinç aldy.
XS
SM
MD
LG