Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň türmesine hüjüm eden söweşijiler 400-e golaý tussagy boşatdy


Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky türmä ir ertir edilen hüjümde 400-e golaý tussag boşadyldy.

Tüpeň we raketaly granatlar bilen ýaraglanan söweşijiler Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Bannu şäheriniň merkezi türmesine hüjüm etdiler.

Pakistanyň resmileriniň Maşaal Radiosyna aýtmaklaryna görä, söweşijiler Pakistanyň ozalky prezidenti Perwez Muşarrafyň janyna kast etmäge synanyşykda aýyplanyp, türmä basylan Adnan Raşidi azat etmeklige synanyşypdyrlar.

Polisiýanyň sözlerine görä, türmeden 384 tussag gaçypdyr.

Talybanlaryň sözçüsi Asim Mehsud hüjümiň jogapkärçiligini öz toparynyň üstüne alandygyny Maşaal Radiosyna aýtdy. Onuň tassyklamagyna görä, 150 sany “janyndan geçen söweşiji” Bannu türmesine hüjüm edipdir.
XS
SM
MD
LG