Sepleriň elýeterliligi

“Titanik” heläkçiliginiň ýyl dönümi bellenýär


Demirgazyk Atlantikada “Balmoral” gämisiniň ýolagçylary we ekipažy “Titanigiň” 100 ýyl mundan ozal heläk bolan ýerinde şu gün hatyra çäresini geçirdiler.

Bu taryhy tragediýada 1 500-den gowrak adam heläk boldy. “Titanigiň” geçen ýoluny yzarlaýan “Balmoral” tümlükde gark bolan gäminiň hatyrasyna üç sany çemen wenogyny suwa goýberdi we gäminiň signalyny berdi.

“Titanigiň” 150 pidasynyň jaýlanan ýeri bolan Kanadanyň Halifaks şäherindäki kelisede jaňlar kakylyp, gäminiň gark bolan pursaty bellendi. Asmany heläkçilik signalyny beriji raketalar ýagtylandyrdy.

“Titanigiň” gurulan ýeri bolan Irlandiýanyň Belfast şäherinde ýekşenbe güni hatyra bagy açylýar.

Angliýanyň Lihfild şäherinde, “Titanigiň” kapitany Edward Smitiň öýüniň golaýynda 300 töweregi adam hatyra çäresine gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG