Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Titanigiň” hatyra çäreleri geçirilýär


Demirgazyk Irlandiýa, Belfast şäherinde dikilen Titanigiň heýkeli.
Demirgazyk Irlandiýa, Belfast şäherinde dikilen Titanigiň heýkeli.
Demirgazyk Atlantikada “Balmoral” we “Azamara” gämileriniň ýolagçylary we ekipažy “Titanigiň” 100 ýyl mundan ozal heläk bolan ýerinde 15-nji aprelde hatyra çäresini geçirdiler.

Bu taryhy tragediýada 1500-den gowrak adam heläk bolupdy.

“Azamara” kruiziniň direktory Tony Markeý gije geçirilen hatyra çäresine gatnaşanlara ýüzlenip şeýle diýdi: “Biz Atlantika okeanynda 100 ýyl mundan ozal şu gün agşam heläk bolan 1503 erkek adamyň, aýalyň we çaganyň hatyrasyny tutmak ruhy bilen şu ýere jemlendik.”

Ruhany Robert Lawrens dini dabarany alyp bardy.

“Biz bu gije “Titanik” heläkçiliginiň pidasy bolan 1503 adamyň guburyna geldik. Biz ýene-de “Näme üçin, näme üçin?” diýen soragy berýäris. Biz ölümiň bardygyna, ýöne onuň bizi durmuşyň bir görnüşinden başga bir görnüşine açylan gapydygyna göz ýetirmek isleýäris. Şekspir hem ol ýere syýahat edenleriň gaýdyp gelmändigini aýdypdy, ýöne biziň ynanjymyzda ol hakykatdyr we ömürlikdir” diýip, Lawrens aýtdy.

“Azamara” gämisi "Titanigiň" heläkçilige uçran wagtyna gabatlap, heläkçilik signalyny berdi. Bu signalda “Gämi aýsberg bilen çaknyşdy”, “Biz gyssagly kömek soraýarys” diýen habar gönderildi.

“Titanigiň” geçen ýoluny yzarlaýan “Balmoral” tümlükde gark bolan gäminiň hatyrasyna üç sany çemen wenogyny suwa goýberdi we gäminiň signalyny berdi.

“Titanigiň” 150 pidasynyň jaýlanan ýeri bolan Kanadanyň Halifaks şäherindäki kelisede jaňlar kakylyp, gäminiň gark bolan pursaty bellendi. Asmany heläkçilik signalyny beriji raketalar ýagtylandyrdy.

“Titanigiň” gurulan ýeri bolan Irlandiýanyň Belfast şäherinde ýekşenbe güni hatyra bagy açylýar.

Mundan bir gün öň, ABŞ-ly okeany öwreniji, 1985-nji ýylda “Titanigiň” galyndysyny tapan Robert Ballard Belfastda çykyş etdi we ol ýeriniň “ýerasty muzeý” diýilip ykrar edilmegine çagyryş etdi. Ol tapylan galyndynyň zaýalanmazlygy üçin onuň gabygyny reňklemegi teklip etdi.

Angliýanyň Lihfild şäherinde, “Titanigiň” kapitany Edward Smitiň öýüniň golaýynda 300 töweregi adam hatyra çäresine gatnaşdy.

“Titanik” dünýäde iň äpet we baý bezelen okean gämisi bolupdy. Ol 1912-nji ýylyň aprel aýynyň 14-den 15-ne geçilýän gijesi Angliýadan Nýu Ýork şäherine özüniň ilkinji syýahatynda gark boldy. Onuň 2208 ýolagçysynyň we ekipažynyň 1503-si heläk boldy.
XS
SM
MD
LG