Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus: Prezidentlige kandidat Andreý Sannikau azat edildi


Belarusyň ozalky prezidentlige kandidaty Andreý Sannikau tussaglykdan boşadyldy.

Daşary işler ministriniň ozalky orunbasary Sannikau 2010-njy ýylyň dekabrynda geçirilen dawaly prezident saýlawlarynda prezident Aleksandr Lukaşenka bilen bäsleşipdi. Şol saýlawlarda Aleksandr Lukaşenka sesleriň 80 prosentinden gowragy bilen üstün çykypdy.

2010-njy ýylyň 19-njy dekabryndaky saýlawlardan soň geçirilen demonstrasiýany polisiýa gazaply basyp ýatyrdy we şonda Sannikau beýleki garşydaş kandidatlaryň köpüsi bilen bilelikde tussag edildi.

Sannikau şenbe güni Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugyna şeýle diýdi:

“Ilki bilen, maňa berk goldaw beren adamlara sag bolsun aýdýan. Dogrudan hem, maňa güýçli goldaw berildi. Men ony fiziki hem duýdum. Halkyň raýdaşlygy goldaw bilen bir hatarda, meni halas hem etdi”.

Sannikaunyň azat edilmeginiň yzy bilen ýene bir dissident, Dzmitriý Bandarenka hem tussaglykdan boşadyldy. Sannikaunyň prezident kampaniýasynda işlan Bandarenka 2011-nji ýylyň aprelinde Aleksandr Lukaşenkanyň prezident wezipesine täzeden saýlanmagyna garşy Minskide geçirilen demonstrasiýa gatnaşygy bolanlykda aýyplanyp tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG