Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: hökümet güýçleriniň täzeden söweşe başlandyklary aydylýar


Siriýanyň oppozisiýa aktiwistleriniň tassyklamaklaryna görä, Siriýanyň güýçleri ýekşenbe güni agyr ýaraglar bilen Homs şäheriniň merkezi raýonlaryny gabadylar. Bu habary garaşsyz çeşme arkaly tassyklatmak başartmady.

Londonda ýerleşýän Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik edýän edaranyň aktiwistleri Aleppo şäherinde hem gije söweşleriň bolandygyny aýdýarlar.

Bu bidüzgünçililer 12-nji aprelde güýje giren ot açyşlygy bes etmek baradaky kararyň ýerine ýetirilişine syn etmek üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi 30 sany ýaragsyz adamdan ybarat synçyny Siriýa ibermekligi tassyk edeninden bir gün soň ýüz berdi.

Ot açyşlygy bes etmeklik Siriýaly Prezident Başar al-Assadyň hökümeti bilen oňa garşy söweşijileriň arasynda 13 aý bäri dowam edýän dawanyň soňuna çykmakdaky synanyşykdyr. Bu dawada 10 müň töweregi adam öldi.
XS
SM
MD
LG