Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda we welaýatlarda güýçli çaknyşyklar boldy


Owgan polisiýasy Kabuldaky hüjümlere garşylyk görkezýar. Kabul, 15-nji aprel, 2012.
Owgan polisiýasy Kabuldaky hüjümlere garşylyk görkezýar. Kabul, 15-nji aprel, 2012.
Owganystanyň aňtaw resmileriniň aýtmaklaryna görä, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýurduň üç şäherinde söweşijileriň hüjümleri yza serpikdirilipdir, ýöne welaýatlarda henizem hüjümleriň tolkunynyň dowam edýändigi aýdylýar.

Kabuldaky hüjümler esasan hökümet binalaryna, Günbataryň diplomatik we harby desgalaryna gönükdirildi, welaýatlarda bolsa Owgan howpsuzlyk güýçlerine we infrastrukturasyna garşy hüjüm edildi.

Häkimiýetler Kabulyň daşynda polisiýanyň kordonynyň döredilendigini aýdýarlar.

Owganystanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň sözçüsi Luftullah Maşal gündogar şäherleri bolan Gardezde, Jelalabadda we Kabulda söweşleriň tamamlanandygyny, ýöne gozgalaňlaryň Pol-e Alamda dowam edýändigini aýtdy. Kabulda bu çaknyşyklar 16 sagada golaý dowam etdi.

Adam ýitgileri köp

Ýerli resmileriň berýän maglumatyna laýyklykda, Kabuldaky çaknyşyklarda 36 hüjümçi we 8 owgan esgeri ölüpdir.

“Operasiýa tamamlanandan soň halkara we Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri pida bolanlaryň sany we hüjümlere gatnaşan söweşijileriň sany barada maglumat berer” diýip, Luftullah Maşal aýtdy.

Owganystanyň "Şamşad" telekanalynyň tassyklanmadyk maglumatyna görä, Gerdez wakasynda 8 töweregi adam ýaralanypdyr we 2 söweşiji ölüpdir.

Nangarhar welaýatynyň merkezi şäheri Jelalabadda aeroportuň golaýynda birnäçe adamyň ýaralanandygy, iki sany janyndan geçen hüjümçiniň bolsa ölendigi aýdylýar.

Loghar welaýatynyň Pol-e Alam şäherinde söweşler häzirlikçe dowam edýär. Ol ýerde soweşijiler daşary ýurtly işçileriň ýerleşýän binasyna hüjüm edipdirler. Käbir çeşmeleriň maglumatyna görä, bu şäherde 3 sany janyndan geçen söweşiji tarapyndan amala aşyrylan partlamalarda Owgan howpsuzlyk güýçleriniň 9 agzasy ýaralanypdyr.

Owganystanyň resmileri häzirki wagt şeýle ýaragly hüjümleriň möwç almagyny Talybanlaryň, adatça, bahar aýlarynda hüjümlerini güýçlendirýändigi bilen düşündirýärler.
XS
SM
MD
LG