Sepleriň elýeterliligi

Howpsuzlyk Geňeşi Phenýanyň uçuran raketasyny maslahat edýär


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Demirgazyk Koreýanyň geçen hepde uçuran raketasyny maslahat etmek üçin duşenbe güni gepleşik geçirýär. Phenýanyň 13-nji aprelde uçuran raketasy BMG-niň ozalky kabul eden rezolýusiýasyna garşy gelýär.

Demirgazyk Koreýa raketanyň uçuşynyň şowsuz geçendigini habar berdi. Phenýan meteo-satelitini orbita çykarmak üçin raketanyň uçurlandygyny öňe sürýär.

Duşenbe güni geçiriljek sessiýanyň dowamynda Howpsuzlyk Geňeşi Phenýana garşy nobatdaky rezolýusiýany hem kabul etmegi mümkin diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG