Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede sud ozalky harby ofiserlere aýyplama bildirdi


Türkiýede sud onlarça ozalky harby ofisere, şol sanda hormatly dynç alyşkdaky dört generala-da aýyplama bildirdi. Olar ýurduň premýer-ministrini häkimiýetden agdarmak synanyşygynda aýyplanýarlar.

Suduň kararyna görä, 1997-nji ýylda şol wagtky yslamçy premýer-ministr Nejmeddin Erbakany häkimiýetden agdyrmak synanyşygy boýunça sud başlanýança, ýene dokuz adam tussaglykda saklanar. Bularyň arasynda hormatly dynç alyşdaky general Jewik Bir hem bar. Ol radikal yslama garşy çykandygy üçin, öz döwründe belli bir meşhurlyga eýe bolupdy.

Bu sud prosesleri yslam gymmatlyklaryny goldaýar diýlip hasaplanylýan Türkiýäniň häzirki hökümetiniň ýurtda harbylaryň täsirini peseltmek ugrunda edýän tagallalarynyň fonunda geçýär.
XS
SM
MD
LG