Sepleriň elýeterliligi

Kabul: hüjümleriň arkasynda “Hakkany” topary dur


Owganystanyň içeri işler ministri ýekşenbe güni Kabulda amala aşyrylan hüjümleriň arkasynda “Hakkany” toparynyň durandygyny aýdýar.

Ministr Besmillah Mohammadiniň aýtmagyna görä, ele salnan söweşijiler bu hüjümleri düýbi Pakistanda ýerleşýän “Hakkany” toparynyň gurnandygyny tassyklapdyrlar.

16 sagada çeken atyşyklar duşenbe güni irden tamamlandy. Ýerli resmileriň berýän maglumatyna laýyklykda, çaknyşykda 36 hüjümçi we 8 owgan esgeri ölüpdir.

Hüjümleriň jogapkärçiligini Talyban topary öz üstüne alyp, beýanat ýaýratdy. Hüjümleriň nyşanasy daşary ýurt ilçihanalary, gymmatbaha myhmanhanalar, NATO-nyň baş ofisi we Owganystanyň parlamenti boldy.
XS
SM
MD
LG