Sepleriň elýeterliligi

Mekdepler üçin pul ýygnalmagy dowam edýär


Ruhabatly ene: "Mekdepler ozallar-a döwlet tarapyndan remont edilýärdi. Şol remont pullary nirä gidýärkä?"

Ruhabatly ene: "Mekdepler ozallar-a döwlet tarapyndan remont edilýärdi. Şol remont pullary nirä gidýärkä?"

Türkmenistanda mekdepleriň remonty üçin ene-atalardan pul ýygnalýandygy barada garaşsyzlyk ýyllarynyň başlaryndan bäri ilat arasynda köp gürrüňler bar. Ýurtda täze mekdepler, çagalar bakjalary gurlup, ulanmaga berilýär. Türkmenistanda häkimiýet çalşaly bäri mekdepleriň remonty üçin okuwçylaryň ene-atalaryndan pul ýygnamak meselesi aradan aýryldymy? Şu mesele barada Azatlyk Radiosy Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabyndan birnäçe okuwçy çaganyň enesi, 40 ýaşly öý-hojalykçy Şirin Kösäýewa bilen söhbetdeş boldy.

Şirin Kösäýewa: Garaşsyzlygyň başky döwründe bolan zatlar ýene dowam edip gidip otyr. Çagalar birinji klasdan tä mekdebi gutarýançalar mekdep fondy diýip pul alýarlar. Remont diýip alýarlar, reňk diýip alýarlar, lampa, aý, garaz , hemme zat üçin çagalardan pul alýarlar. Mekdebiň öz fondy ýokmuka?!

Azatlyk Radiosy: Bu zatlar üçin her aýda näçeräk pul alýarlar?

Şirin Kösäýewa: Her klasa görä alýarlar. Ýagny, kiçilerden azrak, ululardan köpräk alýarlar. Okuwyny gutaranda-da mugallymlar haçan görseň “Kömek etmeli, hiç zat ýok” diýip soraýarlar. Her aýda mekdebiň fondy diýibem çagalardan bäş manatdan alýarlar.

Azatlyk Radiosy: Mekdebiň remont edilýän döwri şol berlen pul bilen çäklenýärlermi ýa ýene goşmaça-da alynýarmy?

Şirin Kösäýewa: Remont döwründe goşmaça pul alynýar. Kim näme kömek edip bilse, şony etdirýärler. Belli bir zady ýok, kim näme berip bilse, bermeli: ýa reňk ýa-da aklar ýaly hekini alyp bermeli we ş.m. Kömek edýärler, biz-ä bilmedik, mekdepde fond bar diýýärler, ýöne şol zat ýok.

Azatlyk Radiosy: Hemme ene-atanyň, maşgalanyň kömek bermäge güýji ýetýärmi?

Şirin Kösäýewa: Hemme maşgalanyň güýji ýetenok. Ýagdaýy ýetýänler, ýagny telekeçiler ýa ulurak işde işleýänler öz çagalary üçin berýärler, eçilýärler mekdebe. Ýagdaýy ýetmedikler berip bilenok. Mekdepde üç-dört okuwçysy bolan ene-atalarda ýagdaý ýok beýle kömek etmäge.

Adamlarda ýagdaý pesräk. Ýagdaýy juda peslerem bar. Iki-üç çagaly maşgalalaryň ýeke kakalary işlese, şol puly berip bilenok. Aýallaryň köpüsi işsiz. Erkekleriňem hemmesinde gowy iş ýok. 3-nji klaslylaryň ýakynda gutardyşy bolýar. Şol gutardyş üçinem pul toplaýarlar. Nämemiş, okuwçylar mugallymlara sowgat alyp bermelimiş.

Penjirelere tuty üçin, güldan üçin pul alýarlar, gül getirmeli diýibem çagalary horlaýarlar. Döwlet tarapyndan bir kömek edilse, gowy bolardy. Mekdepler ozallar-a döwlet tarapyndan remont edilýärdi. Şol remont pullary nirä gidýärkä? Şony bilip bolmady. Iki-üç sany çagaň bolsa, hemmesini kadaly okadybam bolanok.

Azatlyk Radiosy: Şu gürrüňini edýän meseläňiz ene-atalardan närazyçylyk döredenokmy?

Şirin Kösäýewa: Ene-atalaryň köpüsi närazy, ýöne çagalary mekdepde okaýandygy üçin hiç zat aýdyp bilenoklar-da. Çagalara-da öz hossarlaryna aýtmaga mugallymlar ýol berenok. Mugallymlar “Bizde günä ýok” diýýärler. Ýylda gaýtalanýar şu zatlar. Ene-atalar mekdebe kömek pullaryny eltmeseler bolanok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG