Sepleriň elýeterliligi

Belarus ýene bir aktiwisti azatlyga goýberdi


Türmeden çykan Dmitriý Bandarenka öz tarapdarlary bilen gujaklaşýar. Minsk, 15-nji aprel, 2012.

Türmeden çykan Dmitriý Bandarenka öz tarapdarlary bilen gujaklaşýar. Minsk, 15-nji aprel, 2012.

Ýekşenbe güni belarusly belli demokratik aktiwist Dmitriý Bandarenka türmeden boşadyldy. Mundan bir gün öň bolsa prezidentlige öňki dalaşgär Andreý Sannikow türmeden azatlyga goýberilipdi.

Andreý Sannikowyň prezidentlik kampaniýasynyň agitasiýa-propoganda işine aktiw gatnaşan Dmitriý Bandarenka 2011-nji ýylyň aprelinde iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol 2010-njy ýylyň dekabrynda Aleksandr Lukaşenkonyň täzeden prezident saýlanmagyna garşy Minskide geçirilen demonstrasiýadaky roly üçin azatlykdan mahrum edilipdi.

Bandarenka prawoslaw hristianlaryň Pasha baýramçylygyna gabatlanyp türmeden boşadylmagynyň özi üçin uly ähmiýete eýedigini aýtdy. Ol: “Bu ähli zadyň Hudaýyň elindedigini aňladýar we, hudaýa şükür, bu gün Belarus üçin gowy alamat bolan ýörite gün. Meniň pikirimçe, bu hristiança hereket. Bu gün uly baýram we muňa gabatlanylyp ähli syýasy tussaglar türmeden goýberilmelidir” diýdi.

“Çagyryşlar üýtgemeli däldir”

Andreý Sannikow we Dmitriý Bandarenka prezidentiň permany bilen günä geçişlige düşendiklerine ynanýarlar. Şol bir wagtyň özünde-de, öňki premýer-ministr Andreý Sannikow türmeden ir boşadylandygyna garamazdan, diňe ýekşenbe güni Minske dolandy. Ony demirýol stansiýasynda 100 töweregi tarapdary garşy aldy.

A.Sannikow Belarusyň hakimiýetleriniň häzirki äden ädimleri barada şeýle garaýşy öňe sürdi: “Meniň pikirimçe, biz bir oýnuň şaýady bolýarys. Häzir häkimiýetler meniň we Dimanyň türmeden boşadylmagyndan soňky boljak zatlara ýakyndan syn ederler. Meniň pikirimçe, olar tiz wagtda ähli syýasy tussaglary türmeden azatlyga çykararlar. Ýöne, biziň pikirimizçe, ähli syýasy tussaglar türmeden boşadylýança, Ýewropada we öz jemgyýetimizde bu babatdaky çagyryşlar üýtgemeli däldir”.

Ýewropa Bileleşigi Belarusy ähli syýasy tussaglary türmeden boşatmaga çagyryp gelýär. Şu mesele bilen baglanyşykly Ýewropa Bileleşigi Belarusyň ýokary derejeli resmilerine garşy syýahat hem ykdysady gadaganlyklary-da girizdi.

Belarusly aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, häzir ýurtda 10 sany syýasy tussag bar. Olaryň arasynda prezidentlige öňki dalaşgär Mihail Ştatkewiç hem bar.

Häzir Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna ýolbaşçylyk edýän Irlandiýanyň premýer-ministriniň orunbasary Eamon Gilmori ýekşenbe güni ýaýradan beýannamasynda Sannikowyň türmeden boşadylmagyna gowy baha berdi we Belarusy galan syýasy tussaglary-da türmeden boşatmaklyga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG