Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň synçylary Siriýa bardy


BMG-niň synçylar toparynyň ýolbaşçysy polkownik Ahmed Himmiç Damaskyň bir myhmanhanasynda žurnalistleriň soragyna jogap berýär. Damask, 16-njy aprel, 2012.
BMG-niň synçylar toparynyň ýolbaşçysy polkownik Ahmed Himmiç Damaskyň bir myhmanhanasynda žurnalistleriň soragyna jogap berýär. Damask, 16-njy aprel, 2012.
Siriýada ok atyşlygy bes etmek baradaky kararyň 12-nji aprelde güýje girendigine garamazdan, bu ylalaşygyň ýerine ýetirilişine syn etmek üçin BMG-niň synçylary ýurda baryp ýetişmänkäler, ýene ýaragly konfiktleriň ýüze çykandygy habar berilýär.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 30 adamdan ybarat synçylar toparynyň agzalary Siriýa tarap ýola düşen bir wagtynda, bu ýurtda ok atyşlygy bes etmek baradaky ylalaşygyň bozulandygy barada-da maglumatlar gelip gowuşýar.

16-njy aprelde polkownik Ahmed Himmiçiň ýolbaşçylygynda Siriýa baran BMG-niň synçylar toparynyň bir bölegi başda optimistik bolup göründi. Polkownik Himmiç synçylar Siriýa baran dessine çykyş edip, özleriniň wezipelerini ýerine ýetirmäge taýýardyklaryny aýtdy. Ýöne, ýerli synçylaryň pikirine görä, Siriýada dowam edýän söweşler gowşajaga meňzemeýär.

Parahatçylyk plany sorag astynda

Duşenbe güni Başar al-Assadyň hökümet goşunlary Homs şäheriniň birnäçe kwartalynda hüjümlerini dowam etdirdiler. Ýerli aktiwistleriň biriniň hüjümleriň gidişi barada internetde ýerleşdiren wideoýazgysynda raketa oklarynyň atylýandygy görünýär. Şeýle hem, 16-njy aprelde Siriýa bilen Türkiýäniň araçägindäki Idlib welaýatynyň Hama şäherinde-de oppozision söweşijiler bilen Siriýanyň hökümet goşunlarynyň arasynda ýaragly çaknyşyklaryň emele gelendigi habar berilýär.

Ýerli synçylaryň hem Britaniýada Siriýadaky ýagdaýlara gözegçilik edýän aktiwistleriň tassyklamagyna görä, bu çaknyşyklarda azyndan iki adam öldürilipdir. Ýurtda zorlugyň dowam etmegi prezident Assadyň Siriýada parahatçylygy ornaşdyrmak planynyň ýerine ýetirilmegine goşýan goşandyny sorag astynda goýýar.

Ok atyşlygy kesmek baradaky ylalaşyk BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa meseleleri boýunça ýorite wekili Kofi Annanyň alty punktdan ybarat planynyň bir şerti bolup durýar. Annanyň planynda bidüzgünçilikleriň haýdan-haý bes edilmegine, gabalan ýerlere ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegine we hökümet bilen oppozisiýa wekilleriniň özara dialogyna çagyryş edilýär.

Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan Siriýada parahatçylygy ornaşdyrmak üçin öňe sürlen bu plan Siriýa režiminiň ýaranlary hasaplanylýan Hytaý we Orsýet tarapyndan hem goldanyldy.

Siriýanyň prezidenti bu plany resmi Kremliň basyşyndan soňra kabul edipdi. Ýöne häzir Homsdaky söweşler sebäpli Siriýanyň režiminiň ok atyşlygy bes etmek baradaky ylalaşygy ýerine ýetirip bilmändigi aýan boldy. Ýurduň oppozisyýasy hem agzalan şertnamany bozyp, hökümet goşunlaryna garşy birnäçe hüjümi amala aşyrdy, olary gabawa saldy.

Synçylar üçin hem şertler zerur

12-nji aprelde ok atyşlygyň kesilendigi baradaky ylalaşyk güýje gireli bäri ýurtda 40-a golaý adamyň heläk bolandygy habar berilýär. 2011-nji ýylyň mart aýynda Siriýada Assadyň režimine garşy protestler başlaly bäri bolsa bu ýurtda 9 müňe golaý adamyň öldürilendigi çaklanylýar.

BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun 16-njy aprelde Brýusselde eden çykyşynda Siriýada zorlugyň dowam etmegi bilen bagly alada bildirdi. Ol Siriýanyň häkimiýetleriniň we BMG-niň synçylarynyň öz wezipelerini ýerine ýetirip bilmegi üçin synçylara ýurduň bütin territoriýasynda erkin hereket etmäge mümkinçiligiň döredilmelidigini aýtdy.

Pan Gi Mun: “Siriýanyň hökümeti synçylaryň ýurduň içinde erkin hereket etmegini kepillendirmeli. Olar barjak ýerlerine baryp, bolýan wakalara syn etmek mümkinçiligine eýe bolmaly” diýdi.

BMG-niň synçylar toparynyň ähli agzalarynyň şu hepdäniň ahyryna çenli Siriýa barjakdyklary aýdylýar. BMG Siriýadaky ýagdaýa gözegçilik edýän synçylaryň sanyny artdyryp, toparyň agzalarynyň 250 adama ýetirilmegini isleýär.

Emma bu meseläniň çözgüdi geljek hepdede BMG bilen Siriýanyň häkimiýetleriniň arasynda geçirilmegi planlaşdyrylýan gepleşikleriň netijesine bagly bolar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG