Sepleriň elýeterliligi

Ogluň kesapaty atasyna ýetdi


Amanmyrat Bugaýew: "Bu Türkmenistanda geň ýagdaý däl. Ýöne şonuň wagtynda prezidente ýetirilendigi hem-de şonuň wezipesinden boşadylandygy oňlanmaly zat".

Amanmyrat Bugaýew: "Bu Türkmenistanda geň ýagdaý däl. Ýöne şonuň wagtynda prezidente ýetirilendigi hem-de şonuň wezipesinden boşadylandygy oňlanmaly zat".

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow 13-nji aprelde geçiren hökümet maslahatynda energetika we senagat ministri Ýarmuhammet Orazgulyýewi ogluny terbiýeläp bilmändigi üçin wezipesinden boşatdy.

Ý.Orazgulyýew ýakynda Türkmenistanyň prezidentligine geçirilen saýlawlarda prezidentlige dalaş eden resmilerden biri. Onuň ministrlik wezipesine bellenenine-de köp wagt bolanok. Ol prezident saýlawlaryndan soň bu wezipä bellenipdi. Azatlyk Radiosy şu soňky waka boýunça aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ministr Orazgulyýewiň wezipeden boşadylmagynyň sebäbi barasynda il içinde nähili gürrüňler bar?

A.Bugaýew: Ýurtda köp zat perdäniň aňyrsynda galýar. Ýöne il içindäki gürrüňlere görä, “Şemal bolmasa, çöp başy gymyldamaz” diýilýär. Işden aýrylan energetika we senagat ministriniň ogly Aşgabat şäherinde uly awtomobil heläkçiligini edipdir. Günäkärem şonuň ogly bolanmyş.

Şol awtomobil-ýol hadysasynda pida bolan adamlaram bar. Ine, düýp sebäbi şol diýip, il içinde edilýän gürrüňlerde aýdylýar. Dogrusy, ol hakda resmi hiç hili maglumat berilmedi.

Azatlyk Radiosy: Bu waka haçan bolan waka, şu barada nähili maglumat bar?

A.Bugaýew: Il içindäki gürrüňlerden çen tutsaň-a , bu waka geçen hepdäniň başynda bolupdyr. Ýöne käbir adamlar onuň ondan has öňräk bolanlygynam tassyklaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Häzirki gürrüňini edilýän waka ýaly bir waka Günbatar ýurtlarda bir çinownigiň başyna düşse, adatça, çinownik wezipeden boşadylaryna garaşyp oturman, öz arzasy bilen işden gidýär. Şu göreldä türkmen ministri eýeren bolsa nähili bolardy?

A.Bugaýew: Elbetde, bu has gowy bolardy. Bu zatlar adamyň köňül sahawatyna, aň kämilligine bagly zatlar. Eger onuň özi arza berip giden bolsa we hatda metbugatda-da: “Şunuň ýaly ýagdaýlar üçin gidýärin” diýen bolsa, şol adamyň il içinde at-abraýy artardy, şol adama bolan hormat-sylag köpelerdi.

Ýöne, haýp, bizde wezipä geçen adamlar her edip-hesip edip, özüniň hem-de özüne golaý adamlaryň maşgala agzalarynyň eden etmişlerini basyrjak bolýarlar, özüniň wezipesine ýa-da baýlygyna baýrynyp, prokuratura organlarynyň-da agzyny beklejek bolýarlar. Bu Türkmenistanda geň ýagdaý däl. Ýöne şonuň wagtynda prezidente ýetirilendigi hem-de şonuň wezipesinden boşadylandygy oňlanmaly zat.

Azatlyk Radiosy: Dürli çeşmelerden gowuşýan maglumatlara görä, Türkmenistanda wezipeli adamlaryň çagalarynyň edep-terbiýesi türkmen jemgyýetinde göze ilgiç. Şolar tarapyndan eden-etdilikler ýüze çykýar diýen gürrüňler bar. Ýurduň içinde ýaşaýan adam hökmünde siz muňa nähili baha berýärsiňiz?

A.Bugaýew: Umuman, şeýle zatlar bar. Ol ýok diýip bolanok. Sebäbi şol adamlar her edip-hesip edip, aýdaly, ministriň ýa wise-premýeriň özi salyhatly adamam bolsa, onuň çagalarynyň öz ata-enesiniň jemgyýetde tutýan ornuna, jemgyýetdäki täsirine baýrynyp, eden-etdilik edýän halatlary juda köp bolýar.

Meniň bir fakta ünsüňizi çekesim gelýär, elbetde, munuň göz üçin edilen bolmagy-da mümkin. Soňky gezek geçirilen saýlawlarda prezident öz kakasy, ogly, agtygy bilen saýlaw uçastogyna ses bermäge bardy. Belki, beýlekiler şundan nusga alsyn diýendir-dä.

Ses bermäge baranlarynda, olar altynjy goýberiliş “Žiguli” maşyn bilen bardylar. Olam türkmen telewideniýesinde görkezildi. Berdimuhamedowyň özi, kakasy, ogly hem agtygy SSSR zamanynda öndürilen ak reňkli “Žiguli” bilen bardy. Elbetde, munuň jemgyýete edep bermek, nusga bolmak üçin ýeke gezeklik hereket bolmagam mümkin.Ýöne şeýle hereketler köp bolsa, juda gowy bolardy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG