Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Krasnyý Krest” keselhanasy ýykylýar


"Türkmen inisiatiwasy" guramasy: “Ol ýerde işlän tejribeli lukmanlar we medisina işgärleri indi täze iş ýerlerini gözlemeli bolarlar”.
"Türkmen inisiatiwasy" guramasy: “Ol ýerde işlän tejribeli lukmanlar we medisina işgärleri indi täze iş ýerlerini gözlemeli bolarlar”.
Aşgabatda il içinde “Krasnyý Krest”, ýagny “Gyzyl Haç” ady bilen tanalýan keselhananyň başga ýere göçürilip başlanandygy habar berilýär. Bu keselhananyň geçen hepdäniň ortalaryndan näsaglary kabul etmegi durzandygy, onuň käbir bölümleriniň başga keselhanalara geçirilendigi hem aýdylýar.

Aşgabatly käbir çeşmeleriň beren maglumatyna görä, “Krasnyý Krest” ady bilen tanalýan bu keselhananyň köne binasy geçen anna güni ýykylyp başlanypdyr.

Keselhana göçýär, lukmanlar nätmeli?

Adynyň tutulmagyny islemedik bir ýerli ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, keselhananyň käbir korpuslarynyň penjirelerini we üçeklerini soküp başlapdyrlar, käbirlerinde bolsa göçmek bilen bagly işler alnyp barylýar. Şeýle hem, bu çeşme keselhananyň daşyna ak reňkli demir haýat çekilendigini we onuň ýüzüne Türkiýäniň “Efor” kompaniýasynyň adynyň ýazylgydygyny aýdýar.

"Krasnyý Krest" keselhanasynyň bölümlerinden biriniň daşky görnüşi. Aşgabat, 16-njy aprel, 2012.
"Krasnyý Krest" keselhanasynyň bölümlerinden biriniň daşky görnüşi. Aşgabat, 16-njy aprel, 2012.
Aşgabatdaky bir çeşme: “Bu keselhananyň käbir bölümleri beýleki keselhanalara geçirildi. Mysal üçin, onuň kardiologiýa bölümi Aşgabatdaky demirýol keselhanasyna, kabirleri bolsa 11-nji mikroraýondaky Nyýazow adyndaky keselhana geçirildi. Onda işleýän lukmanlaryň we beýleki medisina işgärleriniň ýagdaýy barada maglumat berilmeýär” diýip gürrüň berdi.

Aşgabatly ýazyjy we şahyr Amanmyrat Bugaýewiň pikiriçe, bu keselhananyň ýerleşýän binasy juda könelen: “Bu ‘Krasnyý Krest’ keselhanasynyň ýerleşýän jaýy gözgyny diýip, meniň tanyşlarym gürrüň berýärler. Soňky döwürde medisina okuwyny gutarýan ‘hossarlylar’ beýleki saglyk merkezlerine işe barýarlar. Öňden bäri işleýän lukmanlar bolsa “Krasnyý Krestde” galdylar. Olary häzir hiç kim işden aýyrmaýar. Bu keselhananyň köne jaýy täze medisina tehnologiýalaryny oturtmaga mümkinçilik hem bermeýär”.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabatda köpsanly medisina merkezleriniň gurlandygyna garamazdan, “Krasnyý Krest” ýurduň abraýly keselhanasy bolup galdy diýip, düýbi Wenadaky adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” guramasy ýazýar.

"Krasnyý Krest" keselhanasynyň bölümlerinden biriniň içki korridory. Aşgabat, 16-njy aprel, 2012.
"Krasnyý Krest" keselhanasynyň bölümlerinden biriniň içki korridory. Aşgabat, 16-njy aprel, 2012.
“Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň bu keselhananyň bir medisina işgäriniň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, bu ýerde nähoşlar üçin ornuň köpdügi sebäpli, Aşgabatdaky ähli keselhanany jemläniňde-de “Krasnyý Krest” olardan döwlete has köp girdeji getirýär. “Ol ýerde işlän tejribeli lukmanlar we medisina işgärleri indi täze iş ýerlerini gözlemeli bolarlar” diýip, “Türkmen inisiatiwasy” guramasy ýazýar.

Keselhananyň lukmanlarynyň we beýleki medisina işgärleriniň indi iş bilen üpjünçiliginiň nähili çözüljekdigi barada Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden maglumat alyp bolmady.

“Abraýly keselhanady”

Il içinde “Krasnyý Krest” ady bilen tanalýan bu keselhana 1948-nji ýylda Aşgabatda bolan güýçli ýer yranmadan soňra gurlupdy. Onuň içinde hirurgiýa, terapiýa, neýrohirurgiýa, gulak-burun-bokurdak keselleri, patananatomiýa ýaly bölümler we çaga dogrulýan öý bar.

Bu keselhananyň her bölümi aýratynlykda ýerleşýär we onuň içi bag-bakjaly. Şonuň ýaly-da, ol Türkmen döwlet medisina institutynyň ýakynynda ýerleşýär.

Türkiýäniň kompaniaýsynyň Aşgabatda gurjak 350 orunlyk kardiologiýa merkezli keselhanasynyň taslamasy. Aşgabat, 16-njy aprel, 2012.
Türkiýäniň kompaniaýsynyň Aşgabatda gurjak 350 orunlyk kardiologiýa merkezli keselhanasynyň taslamasy. Aşgabat, 16-njy aprel, 2012.
Ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň pikiriçe, bu keselhana ussat lukmanlaryň işleýän ýeri hökmünde Türkmenistanda at-abraý gazanypdy: “Bu keselhana turuwbaşdan ýurtdaky iň uly we iň kämil lukmanlaryň işleýän keselhanasy hökmünde meşhurlyk gazanypdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda täze medisina merkezleri we keselhanalar açylsa-da, il içinde ‘Krasnyý Krest’ ady bilen tanalýan keselhana özüniň öňki abraýyny, meşhurlygyny saklap galdy”.

Şu aýyň başlarynda prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligine Türkiýäniň kompaniaýsy bilen Aşgabatda 350 orunlyk ylmy-kliniki kardiologiýa merkezli keselhanasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnama gol goýmagy tabşyrdy. Emma bu taslamanyň bahasy barada habar berilmedi.

Prezidentiň gol goýan kararyna laýyklykda, bu keselhananyň täze jaýlarynyň gurluşygyna aprel aýynda başlamaly we ony 2014-nji ýylyň aprelinde tamamlamaly.
XS
SM
MD
LG