Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan kämilleşdiriş okuwlaryny dikeltmekçi


"Garaşsyzlyk ýyllarynda hünär kämilleşdiriş fakultetleri ýapylyp, onuň deregine 'Ruhnama' boýunça synagdan geçmek düzgüni girizildi".
"Garaşsyzlyk ýyllarynda hünär kämilleşdiriş fakultetleri ýapylyp, onuň deregine 'Ruhnama' boýunça synagdan geçmek düzgüni girizildi".
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň permany bilen Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda mugallymlaryň we lukmanlaryň hünärlerini kämilleşdiriş okuwlarynyň açyljakdygy habar berilýär.

Bu karary kabul etmek bilen, ýurtda bilim we saglygy saklaýyş ugurlaryny ösdürmeklik göz öňünde tutulýar. Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, ýurt baştutany iki aýlyk hünär kämilleşdiriş kurslaryny ministrliklerde we edaralarda açmaklyga-da görkezme beripdir.

Hünär kämilleşdiriş fakultetlerini Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet pedagogik (mugallymçylyk) institutynda açmaklyk göz öňünde tutulýär. Şeýle hem, Türkmenistanyň döwlet medisina uniwersitetinde ýokary okuwdan soňky bilim ülňüleri boýunça lukmanlaryň hünärlerini kämilleşdiriş fakulteti açylar.

Könä dolanmak

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty boýunça ozalky mugallymy, garaşsyz synçy Döwletmyrat Ýazgulyýew ýurduň bilim we saglygy saklaýyş ugurlaryny ösdürmeklige gönükdirilen bu kararyň kabul edilmegine “ýerlikli we oňyn ädim” diýip baha berdi.

Mugallymlaryň we lukmanlaryň hünärlerini kämilleşdiriş okuwlary ozalbaşda sowet döwründe girizilipdi we ol Türkmenistanyň bilim sistemasyna mahsus programmady. Şol programma laýyklykda azyndan her bäş ýylda bir gezek spesialistlerden kämilleşdiriş kurslaryny geçmeklik talap edilýärdi.

Sowet häkimiýeti ýyllarynda daşary ýurtlara hem gidip, şeýle kurslary geçmeklik mümkinçiligi döredilýärdi. Kämilleşdiriş fakultetleri Türkmenistanyň uniwersitetleriniň we institutlarynyň bazalarynda hereket edýärdi. Ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary Moskwanyň, Leningradyň ýa-da beýleki merkezi şäherleriň uniwersitetlerinde we Ylymlar Akademiýalarynda hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçmek üçin iberilýärdi.

Şahsyýet kultunyň “miwesi”

Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň, bu ugurdaky ýagdaýlar hem üýtgedi. 1990-njy ýyllaryň ortalaryndan başlap ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýolbaşçylygynda okuwlaryň möhleti gysgaldyldy, ýokary okuw jaýlaryna alynýan studentleriň sany 10 esse töweregi azaldyldy. Aspiranturalar, doktoranturalar ýapyldy. Mugallymlar ylmy işleri alyp barmakdan mahrum boldular.

Şeýlelikde, ähli beýleki pudaklaryň işgärleri bilen birlikde, mugallymlar we lukmanlar-da ruhnamaçylyk ideologiýasyna boýun egdirildi. Hünär kämilleşdiriş fakultetleri ýapylyp, onuň deregine “Ruhnama” boýunça synagdan geçmek düzgüni girizildi.

Şol döwürde daşary ýurtlara gidip, hünär kämilleşdiriş programmalaryna gatnaşmak üçin mugallymalara çäklendirmeler hem girizildi. Şeýle çäklendirmelere duçar bolanlardan birem Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis dili boýunça ozalky mugallymasy Güljahandyr.

Güljahan 2001-nji ýylda ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň hödürlän on aýlyk hünär kämilleşdiriş programmasyna gatnaşanlaryň biri. Ýöne Türkmen döwlet uniwersitetiniň administrasiýasy Güljahanyň daşary ýurda gidip-gelmegine garşy bolup, onuň öz islegi boýunça işden gitmek barada arzasyny ýazmagyny teklip edipdir.

“Meniň öňümde iki ýol bardy: birinjisi – işde galmaly, ýöne hünär kämilleşdiriş programmasyna gatnaşmaly däl. Ikinji ýol bolsa, işden gidip, hünärimi kämilleşdirmeli. Men, elbetde, ikinji ýoly saýladym” diýip, Güljahan gürrüň berýär.

Nähili mümkinçilikler bar?

Eýsem, häzirki karar edilen hünär kämilleşdiriş fakultetleriniň işiniň üstünlikli ugrukmagy üçin ýurtda nähili okuw-metodiki baza bar? Synçy Döwletmyrat Ýazgulyýew Türkmenistanyň soňky 20 ýyllyk taryhynda bökdençlikleriň bolandygyna garamazdan, bu ugurda häzirem bil baglar ýaly hünärmenleriň we okuw-metodiki merkezleriň saklanyp galandygyny aýdýar

Ol: “Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiligi gowy, şonuň üçin hem döwlet baştutanynyň şu karary ýerli emeldarlar tarapyndan doly goldanyp, şolaryň ykdysady mümkinçiliginiň çykalgasy tapylan halatynda, onda biziň ýaňky aýdýan päsgelçiliklerimiz aradan aýrylar” diýdi.

Yazgulyýew mugallymlary öz hünärini kämilleşdirmek üçin daşary ýurtlara ylmy sapara päsgelsiz ugradyp ya-da daşary ýurtlardan spesialistleri çagyryp, şolaryň tejribesini ulanyp boljakdygyna ynanýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG