Sepleriň elýeterliligi

Norwegiýa: Anders Breýwik ökünýäne meňzemeýär


Köpçülikleýin adam gyrandygyny boýun alan Anders Breýwik sişenbe güni Osloda dowam eden sud diňlenişiginde beýanat bilen çykyş etdi.

Breýwik özüni günäkär hasaplamaýandygyny öňe sürdi. Ol geçen ýylyň iýulynda “özüni goramak” matlabyndan ugur alyp, 77 adamy öldürendigini aýdýar.

Anders Breýwik şeýle hüjümi ýene amala aşyrjakdygyny belläp geçdi.

Breýwigiň günäsi subut edilse we ol akyly ýerinde diýlip ykrar edilse, oňa 21 ýyl türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.
XS
SM
MD
LG