Sepleriň elýeterliligi

Müsürde ganly futbol çaknyşyklary boýunça sud işi başlandy


Müsürde fewral aýynda Port Said şäherinde futbol janköýerleriniň gurnan ganly çaknyşyklary boýunça sud diňlenişigi başlandy. Munuň bilen baglylykda 75 adam sud işine çekildi.

Emma sişenbe güni aýyplanýanlar özleriniň günäkär däldigini öňe sürüp, sud otagyndaky oturgyçlaryň üstüne münüp, ýumruklaryny bulanlaryndan soň, sud diňlenişigi gysga wagtlaýyn togtadyldy.

Fewral aýynda Port Said şäherinde futbol janköýerleriniň çaknyşygynda 70 töweregi adam ölüpdi. Şonda futbol oýny gutaranda, iki toparyň janköýerleri özara çaknyşypdy.
XS
SM
MD
LG