Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bin Ladeniň maşgala agzalary deportasiýa ediler


Osama Bin Ladeniň maşgala agzalary çarşenbe güni irden Pakistandan deportasiýa ediler diýlip garaşylýar. Bu barada Pakistanyň resmileri habar berýär.

Geçen ýylyň maýynda Osama Bin Laden Pakistanyň Abbottabad şäherinde ABŞ-nyň ýörite güýçleri tarapynan öldürilenden soň, onuň maşgala agzalary tussag astyna alnypdy. Olaryň arasynda Bin Ladeniň üç aýaly, sekiz çagasy we bir agtygy bar.

“Al-Kaýda” toparynyň ozalky lideriniň maşgala agzalary Saud Arabystanyna iberiler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG