Sepleriň elýeterliligi

Awstraliýanyň esgerleri Owganystandan ir çykyp başlar


Awstraliýa özüniň Owganystandaky goşunlaryny planlaşdyrylan möhletden ir çykaryp başlar.

Sişenbe güni Awstraliýanyň premýer-ministri Julia Gillardyň aýtmagyna görä, ýurduň Owgansytandaky esgerleriniň aglabasy 2013-nji ýylyň ahyryna çenli öýlerine dolanar.

Owganystanda häzirki wagt Awstraliýanyň 1500 töweregi esgeri bar. Olaryň esasy wezipesi Uruzgan welaýatynda ýerli howpsuzlyk güýçlerine tälim bermekden ybarat.

Owganystanda Awstraliýanyň 32 esgeri öldi we ýüzlerçesi ýaralandy.
XS
SM
MD
LG