Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Neşe baradaky täze kanun problemany çözermi?


A.Baýryýew: "Öň neşe maddalaryny ulanan adamlar soňky döwür spirtli içgilere,esasanam, şeraplary, çakyrlary içmäge girişdiler".
A.Baýryýew: "Öň neşe maddalaryny ulanan adamlar soňky döwür spirtli içgilere,esasanam, şeraplary, çakyrlary içmäge girişdiler".
31-nji martda türkmen parlamenti kanunlar toplumyny kabul etdi, şondan bäri kabul edilen we Türkmenistanyň prezidenti tarapyndan gol çekilen kanunlar türkmen metbugatynda yzly-yzyna çykyp başlady. Şu hepde metbugatda çap edilen kanunlaryň birem “Alkogolizmden, neşekeşlikden ýa-da psihiki aktiw maddalary ulanmakdan ejir çekýänleri bejermek bilen bagly çäreler hakyndaky” kanun boldy.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň kanunçylyg bilen ýakyndan gyzyklanýan žurnalist Aşyrguly Baýryýew bilen şu kanun dogrusynda söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Aşyrguly aga, kabul edilen bu täze kanunda nähili täzelikler bar?

A.Baýryýew: Garaşsyzlyk ýyllarynda hut şu mazmundaky kanunyň kabul edilendiginden habarly däl. Sowet döwründe-de ýokdumyka diýýärin edil şu mazmundaky kanun. Şonuň üçin, bu kanuny tutuşlygyna täzelik hökmünde kabul etmek bolar.Ýöne şonuň käbir maddalaryndaky düzgünler Türkmenistanyň administratiw kodeksinde-de bar.

Azatlyk Radiosy: Şu kanuna görä, nähili şertlerde arakhorlukdan, neşekeşlikden ejir çekýänler mejbury bejerişe iberilýär?

A.Baýryýew: Polisiýa prokuraturanyň üsti bilen suddan ýörite höküm-karar alyp, şol karary iberýär. Käbir ýagdaýlarda bu iş suda ýetirilmän hem çözülýär. Ýagny, adaty praktikada şeýleräk ýagdaýlar bolýar: arakhorlary ýa neşekeşleri toplap, polisiýa işgärleri şäherlerden, obalardan ýygnap, durşuna belli bir zähmet-düzediş, bejeriş edaralaryna mejbury suratda iberýärler.

Azatlyk Radiosy: Täze kanunyň 11-nji maddasynda mejbury bejergä ugratmak barada suduň çykaran karary bilen ylalaşmadyk adam suduň kararyny şikaýat edip biler diýlipdir. Bu Türkmenistanyň häzirki şertlerinde mümkinmi?

A.Baýryýew: Ýok, bu teoretiki taýdan mümkin. Emma iş ýüzünde mümkin däl. Sebäbi eýýäm deslapky derejede sud şeýle karara gelenden soň, ony sökdürjek bolmak ýa-da, aýdaly, etrap sudy sereden bolsa, oňa şäher ýa welaýat sudy sereder diýip garaşmak mümkin däl. Sebäbi häzir bizde sud sistemasynda düýpli özgerişler bolup geçmedi, düýpli reformalar geçirilmedi. Şonuň üçin-de, Türkmenistanda häzir sudlar, kazyýetler özbaşdak däl. Olar, esasan, ýerine ýetiriji häkimiýetleriň ygtyýarynda.

Azatlyk Radiosy: Türkmen jemgyýetindäki bu gürrüňi edilýän alkogolizm, neşekeşlik ýaly çuňňur kök uran sosial problemalaryň çözülmegine täze kabul edilen kanun nähiili täsirler ýetirip biler?

A.Baýryýew: Soňky bäş ýylyň dowamynda neşe maddalaryna, neşekeşlige garşy güýçli göreş alnyp baryldy. Şu wagt neşe maddalary Türkmenistanda tapdyrmaýar diýen ýaly. Eger tapdyraýan ýagdaýynda-da, gaty gymmat bahadan.

Şol sebäpli-de, öň neşe maddalaryny ulanan adamlar soňky döwür spirtli içgilere,esasanam, şeraplary, çakyrlary içmäge girişdiler. Şonuň netijesinde, häzir Türkmenistanda ýokary derejelerde dürli-dürli banketler guralyp, şol ýerlerde-de içgilere aşa üns berilýän ýagdaýlar bolýar. Ana, şoňa garşy tutanýerli, aýgytly göreş alnyp barylsa, şu kanuna-da esaslanylsa, bu kanun özüniň gowy netijesini berer, türkmen jemgyýetine özüniň gowy täsirini ýetirer diýip aýtmak bolar.
XS
SM
MD
LG