Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalar baglarynyň çykdajylary ene-atalaryň gerdeninde


Mary welaýatyndaky çagalar baglaryndan birinde terbiýeçi zenan prezident G.Berdimuhamedowa alkyş aýdyp, onuň elini öpýär. Mary, ýanwar, 2011.
Mary welaýatyndaky çagalar baglaryndan birinde terbiýeçi zenan prezident G.Berdimuhamedowa alkyş aýdyp, onuň elini öpýär. Mary, ýanwar, 2011.
Aşgabadyň “Parahat” mikroraýonyndaky çagalar bagynyň birinde terbiýelenýän 4 ýaşly Maýsanyň ejesi Göwher döwlet edaralarynyň birinde işleýär. Maýsa onuň 3 çagasyndan biri. Maýsanyň her gün barýan çagalar bagy “Parahat” mikroraýonyndaky köpgatly ýaşaýyş jaýlary ýaly, betondan gurlan.

Daşyndan göräýmäge çagalar bagynyň binasy kebşirli bolup görünse-de, Maýsanyň ejesi Göwher binanyň içindäki şertlerden razy däl: “Çagalar bagynyň toparlarynyň otaglarynyň köpüsinde gyşyna sowuk, tomsuna gyzgyn bolýar. Şonuň üçin, geçen ýylyň noýabr aýynda ene-atalar bolup 10 manatdan goşup, elektrik pejini satyn aldyk. Ýöne şonda-da gyşyň aşa sowuk günleri Maýsanyň toparynyň otagynda oturar ýaly däldi”.

Göwher tomsuň gelmegi bilenem problemanyň soňlanmaýandygyny aýdyp, şeýle diýdi: “Indi bolsa tomsuň yssy günleri golaýlaşyp gelýär. Geçen hepde Maýsanyň terbiýeçisi ene-atalar ýygnagyny geçirip, howany sowadyjy kondisioner satyn almaklygy bize teklip etdi. Indi her bir ene-ata 30 manat pul bermeli”.

Ýetmezçilikler sanardan köp

Maýsanyň terbiýelenýän çagalar bagy sowet döwründe gurlan iki korpusdan ybarat iki gatly bina. Çagalar bagynyň işgärleriniň aýtmagyna görä, topar otaglaryna barýan suw geçiriji we kanalizasiýa turbalary hem bu çagalar bagy gurlaly bäri çalşyrylmandyr.

Şeýlelikde, suw geçiriji we kanalizasiýa turbalarynyň häli-şindi ýarylmagy ýa-da hapalar sebäpli petiklenmegi ýaly hadysalaryň adaty bir ýagdaýdygyny bu çagalar bagynyň adynyň tutulmazlygyny islemedik bir terbiýeçisi gürrüň berdi.

Ol: “Suw geçiriji turbalar ýarylsa, remont bilen bagly ähli işleri ýerli häkimlik amala aşyrmaly. Emma häkimlik diňe turbany täzelemek üçin işgär iberip biljekdigini aýdýar, turbalary çalyşmaly bolanda bolsa, ene-atalardan pul ýygnap, satyn almaly bolýarys. Emma ähli turbalary çalyşmak üçin köp pul hem-de düýpli remont gerek” diýip, ýagdaýy düşündirdi.

Mundan başga-da, ýagyş ýagsa, çagalaryň bolýan otaglarynyň käbirleriniň üçeklerinden suw akýar. Emma, Göwheriň aýtmagyna görä, onuň gyzynyň bolýan topar otagynyň üçeginden suw akmaýar. Munuň üçin geçen ýyl ýene-de ene-atalar pul goşmaly bolupdyrlar.

Göwher bu barada şeýle gürrüň berdi: “Üçekden suw geçmez ýaly, Maýsanyň toparynyň bolýan korpusynyň üçegini ene-atalar bolup remont etdirdik. Munuň üçin 10 manatdan pul goşduk. Şeýlelikde, geçen güýz we gyş aýlary Maýsanyň bolýan topar otagynyň üçeginden suw akmady. Biz toparyň otagynda gyzgyn suwuň bolmagy üçin boýlerem satyn aldyk. Onuň üçin 20 manat pul goşduk”.

Ene-atalaryň çagalar bagy üçin çykarýan çykdajylarynyň sanawy munuň bilen-de çäklenmeýär. Göwheriň aýtmagyna görä, gap-gaç, tuty, karniz, lampalar we başga-da ençeme beýleki zatlar üçin-de ene-atalar pul çykarmaly bolýarlar. Tomus aýlarynda bolsa remont üçinem aýratyn pul goşulýar.

“Talap ýok, ýöne mejbur bolýarlar”

Maýsanyň kakasy Saparyň aýtmagyna görä, “Ene-atalaryň pul goşmagyny resmi taýdan talap edýän ýok. Adatça, ene-atalar ýygnagynda terbiýeçiler pul goşmagy teklip edýärler. Öz çagalarynyň iň bärkije amatlykly şertlerde terbiýelenmegi üçin, ene-atalar pul ýygnamaga mejbur bolýarlar”.

Sapar özara söhbetdeşlikde talap edilýän puly goşmagyň hemmeler üçin aňsat däldigini belläp, şeýle diýdi: “Biziň maşgalamyzda meniňem, aýalymyňam işimiz bar. Maşgala iki aýlyk gelýär. Emma bir adam işleýän maşgalalaram az däl, olar ýaly maşgalalar üçin talap edilýän puly tölemek kyn bolýar”.

Her bir ene-atanyň çagasy üçin çagalar bagyna her aýda 8 manat pul töleýändigine garamazdan, goşmaça çykdajylaryň talap edilmegi ene-atalarda uly nägilelik döredýär.

Söhbetdeşimiz Sapar ene-atalaryň bu ugurdaky nägilelikleri barada durup geçip, şeýle diýdi: “Çagalar bagy üçin tölenýän adaty tölegleriň nirä gidýändigi her bir ene-atany gyzyklandyrýar. Bu ýagdaýyň ene-atalary närazy edýändigine garamazdan, degişli organlara arz-şikaýat edýän hem ýok diýen ýaly. Sebäbi arz-şikaýat edeniň bilenem, hiç zady düzedip bolmaýar”.

4 ýaşly Maýsanyň ene-atasynyň ýüzbe-ýüz bolýan şeýle kynçylyklary Türkmenistanyň mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary üçin adaty bir ýagdaýa öwrüldi.

Maýsanyň gatnaýan çagalar bagyndaky ýaly meseleler sowet döwründe gurlan ýa-da garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda gurlan çagalar baglarynyň köpüsine mahsus. Tomus aýlarynda bolsa bu meseleleri çözmek üçin ene-atalardan pul ýygnamaklyk ýylyň-ýylyna gaýtalanýar.
XS
SM
MD
LG