Sepleriň elýeterliligi

Ýanukowiç $2 million galam haky gazananlygyny aýdýar


"Wiktor Ýanukowiçiň Ukrainada iň uly galam hakyna eýe bolan ýazyjy hökmünde häsiýetlendirilmegi ýurtda köpler uçin garaşylmadyk bir täzelik boldy".

"Wiktor Ýanukowiçiň Ukrainada iň uly galam hakyna eýe bolan ýazyjy hökmünde häsiýetlendirilmegi ýurtda köpler uçin garaşylmadyk bir täzelik boldy".

Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň dili çalgyrt bolsa-da, bu kemçilik onuň syýasat we daşary ýurt inwestisiýalary barada köpsanly kitaplaryň awtory hökmünde 2 million dollar gazanmagyna päsgel bermändir.

Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç dogry ýazmakda we geplemekde hiç wagt özüni görkezip bilmändi. Ol öz wagtynda prezidentlige dalaşgär hökmünde hasaba durmak üçin dolduran arzasynda ylmy derejesini görkezende-de, “professor” diýen sözde ýalňyşlyk goýberip, ony iki “f” harpy bilen ýazypdy.

Şeýle-de, Lwow şäheriniň ýaşaýjylary bilen duşuşygynda olara hoş söz aýtmak islän Ýanukowiç olaryň “genofondy” diýmeginiň ýerine “genosidi” diýipdi. 2010-njy ýylyň dekabr aýynda ukrainçe gürläp duran Wiktor Ýanukowiç “ýolka” sözüniň ukrainçe “ýalynkadygyny” ýatdan çykaryp, ony orsça aýdypdy.

Şeýle ýagdaýda, söz baýlygy bilen tapawutlanmaýan Ýanukowiçiň Ukrainada iň uly galam hakyna eýe bolan ýazyjy hökmünde häsiýetlendirilmegi ýurtda köpler uçin garaşylmadyk bir täzelik boldy.

Köpler ynanmaýar

Prezidentiň resmi internet saýtynda çap edilen girdejiler deklarasiýasynda 2011-nji ýylda Wiktor Ýanukowiçiň köpsanly kitaplary üçin galam haky hökmünde 16.4 million griwna, ýagny 2 million dollardan gowrak pul gazananlygy aýdyldy. Onuň eserleriniň arasynda “Oppozisiýadaky ýyl”, “Wezipe borçlarymy ýerine ýetiren ýylym”, “Ukraina mundan beýläk nädip ýaşamaly?” diýen kitaplar agzalýar.

Donesk şäheriniň “Nowyý Swit” neşirýatynda çap edilen bu eserleriň getiren 2 million dollarlyk girdejileri Wiktor Ýanukowiçi beýleki bir prezident-ýazyjy Barak Obama bilen bir hatarda goýdy. Barak Obamanyň prezidentlige saýlanan ýyly 2008-nji ýylda onuň kitaplaryndan gazanan galam haky 2.5 million dollara ýetipdi.

Ýanukowiçiň 300 dollarlyk ortaça aýlykly ýurtda alan galam hakynyň möçberi köpleri geň galdyrdy. Ukrainaly žurnalist, birnäçe baýraklara eýe bolan ýazyjy we “Ýitirilen düwme” atly kitabyň awtory Irene Razdobudko Ýanukowiçiň öz eserleri üçin gazanan pulunyň möçberine ynanyp bolmajagyny aýdýar.

Ol: “Ukrainada hiç bir ýazyjy üçin şonça gazanmak mümkin däl. Ýazyjylaryň galam haklary, adatça, ujypsyz bolýar. Bu biziň korrupsiýamyzyň aýdyň mysalydyr. Bizde dünýä derejesinde Willýam Folkner bilen deň derejede tanalýan ýazyjylar bar, emma hatda şolar-da şonça pul gazanýandyr öýtmeýärin” diýdi.

Ýaşlykda terbiýe taýdan kynçylyk çeken we hatda jenaýat jogapkärçiligine çekilen, häkimiýet başynda bolan döwürlerinde bolsa öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanan Wiktor Ýanukowiç 2 million dollarlyk galam haky bilen bagly meselä ünsi gowşatmak isledi we özüniň “edebi zähmetinden” alan girdejilerini haýyr-sahawat işlerine sarp etmekligi planlaşdyrýandygyny yglan etdi.

Awtorlyk meselesi-de sorag döredýär

Muňa garamazdan, ukrain ýazyjylary prezident Wiktor Ýanukowiçiň galam haky bilen bagly meselede onuň dil taýdan kemçiliklerine-de ünsi çekýärler.

Ýanukowiçiň “Ukrainanyň mümkinçilikleri” atly kitaby geçen güýzde çap edilende, ol uly goh turuzypdy. Şonda kitabyň köp bölekleriniň başga awtorlaryň eserlerinden bikanun göçürilenligi habar berlipdi.

Meşhur detektiw eserleriniň we ýetginjekler üçin kitaplaryň awtory, ssenarist Andreý Kokotýuha Ýanukowiçiň kitaplarynda onuň hatda ýekeje harpyny özüniň ýazanlygyna-da ynanmaýanlygyny aýdýar.

Käbir ýazyjylar Ýanukowiçiň awtorlygynda çykýan kitaplardan 2 million dollar galam haky almagy üçin Ukrainanyň her bir ýaşaýjysynyň prezidentiň kitaplaryndan azyndan iki sanysyny satyn almalydygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG