Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa Birleşen Ştatlar bilen ylalaşygy bes edýär


Demirgazyk Koreýa raketa we atom synagy barada Birleşen Ştatlar bilen ozalky ylalaşylan moratoriýany mundan beýläk ýatyrýandygyny yglan etdi.

Bu beýanat Demirgazyk Koreýanyň ýakynda şowsuz raketa uçurmasy bilen baglylykda ABŞ-nyň özara ylalaşygy bes edeninden soň edildi. Fewral ylalaşygy esasynda Demirgazyk Koreýa özüniň raketa we atom synaglaryny bes etmek şerti bilen ABŞ-dan azyk kömegini almalydy.

Phenýan ABŞ-ny “duşmançylykly” hereketlerde aýyplaýar we ar almak haýbatyny atýar. Ol raketa synagy üçin BMG-niň eden ýazgarmasyny hem ret edýär.

Demirgazyk Koreýa kosmos giňişligine öz sputnigi çykarmak üçin raketa uçurylyşygyny gurnandygyny aýdýar. ABŞ we käbir beýleki döwletler bolsa Demirgazyk Koreýa muny uzak aralyga uçýan raketasynyň synagyny ýaşyrmak üçin aýdýar diýip düşünýär.
XS
SM
MD
LG