Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Ban Ki Mun synçylaryň missiýasyny giňeltmäge çagyrýar


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun Siriýada ot açyşlygy bes etmek prosesiniň gowşaklygy sebäpli, BMG-niň synçylarynyň missiýasyny giňeltmeli diýýär.

Ban Ki Mun Siriýada ýagdaýyň agyr bolmagyny göz öňünde tutmak bilen, häzirki bellenen 250 synçynyň ýeterlikli däldigini sişenbe güni eden bu çykyşynda belledi.

Siriýanyň hökümet güýçleri bilen oppozisiýanyň arasynda gelnen ýaraşyga garamazdan, ýurtda wagtal-wagtal atyşyklar dowam edýar.

Şol bir wagtyň özünde, Siriýanyň daşary işler ministri Walid Muallem Hytaýa sapar edýär. Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýanatynda BMG bilen Arap Ligasynyň Siriýa boýunça alty punktdan ybarat parahatçylyk planyna Siriýa “hormat goýar we ony ýerine ýetirer” diýilip, Mualleme salgylanylýar.
XS
SM
MD
LG