Sepleriň elýeterliligi

Siriýa we BMG synçylaryň düzgüni boýunça ylalaşyga geldiler


Resmileriň aýtmaklaryna görä, penşenbe güni BMG bilen Siriýa bu ýurtda synçy toparyny ýerleşdirmek barada ylalaşyga gelipdirler.

BMG-niň parahatçylyk boýunça wekili Kofi Annanyň sözçüsiniň aýtmagyna görä, bu ylalaşykda synçylaryň funksiýalary we Siriýa hökümetiniň jogapkärçilikleri bellenilipdir.

Bu ylalaşyga halkara parahatçylyk plany boýunça Siriýanyň öz borçlaryny doly ýerine ýetirmeýändigi baradaky BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-munuň şikaýatyndan soň gelindi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine ýollan hatynda Ban Ki Mun Siriýanyň hökümetiniň parahatçylygy ýola goýmak barada “anyk yşarat” bermändigini belläpdir.

Bu hatda BMG-niň başlygy BMG-niň Siriýa ýollan 250 synçysynyň sanyny köpeldip, ony 300-e ýetirmeklige görkezme beripdir.
XS
SM
MD
LG