Sepleriň elýeterliligi

“Formula-1” maşyn ýaryşyndan öň Bahreinde protestler geçirilýär


“Gran-pri” boýunça Bahreinde geçirilmeli “Formula-1” maşyn sürmek ýaryşyndan öň ýurtda protestler ikinji gün dowam edýär.

“Roýter” habar gullugynyň maglumatyna görä, demokratik reformalara we tussag edilen aktiwistleriň azatlyga goýberilmegine çagyryş edýän müňlerçe protestçi çarşenbe güni ýurduň paýtagty Manamanyň köçelerine çykypdyr.

Aktiwistler ýurtda geçirilýän bu demonstrasiýa aksiýasyny “Gahar-gazap günleri” diýip atlandyrypdyrlar.

Ýörişe gatnaşyjylar şu hepdäniň ahyrynda geçýän “Formula-1” ýaryşynyň öňýanynda öz talaplaryna ünsi çekmek maksady bilen, protestlerini güýçlendirjekdiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG