Sepleriň elýeterliligi

Hindistan uzak aralyga niýetlenen raketany synagdan geçirdi


Penşenbe güni Hindistanyň resmileri 5 müň kilometr töweregi uzaklyga uçmaga ukyply täze bir ballistik raketanyň üstünlikli synagdan geçirilendigini habar berdiler.

Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Singh bu waka bilen baglanyşykly ýurduň alymlaryny gutlady we “Agni-V” kysymly raketanyň synagynyň üstünlikli geçendigini yglan etdi.

Synagy gurnaýjy resmiler bu raketa synagynda göz öňünde tutulan “hemme maksatlara ýetilendigini” mälim etdiler.

Penşenbe güni geçirilen bu üstünlikli raketa synagy arkaly Hindistan kontinentara raketa tehnologiýasyna eýe beýleki ösen ýurtlaryň, ýagny Britaniýanyň, Hytaýyň, Orsýetiň we Birleşen Ştatlaryň hataryna goşulmaga golaýlaşandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG