Sepleriň elýeterliligi

Yragyň ençeme şäherinde bomba partlamalary amala aşyryldy


Penşenbe güni Bagdatda we Yragyň beýleki şäherlerinde adam ýitgisine getiren birnäçe bomba partlamasy ýüz berdi. Resmileriň aýtmaklaryna görä, penşenbe güni biri-biri bilen baglanyşygy bolanlykda güman edilýän birnäçe bomba partlamasynda azyndan 6 adam ölüpdir we 20-den gowrak adam ýaralanypdyr.

Bagdadyň birnäçe raýonynda ýüz beren partlamalar howpsuzlyk güýçlerine gönükdirilipdir.

Penşenbe güni Kirkuk şäherinde ýüz beren iki ulag partlamasynda azyndan 4 adamyň ölendigi habar berilýär.

Partlamalaryň Yragyň Bakuba we Samarra şäherlerinde-de bolandygy aýdylýar.
2006-2007-nji ýyllardaky sünni-şaýy konfliktleriniň peselendigine garamazdan, Yrakda her gün diýen ýaly partlamalar ýüz berýär.
XS
SM
MD
LG